Ýaponiýada adamlar galanyň 360 tonnalyk diňini el bilen çekip süýşürdi

Düýn, 18:314,948
1 / 4

Ýaponiýanyň Aomori prefekturasynda 1800 adam adaty bolmadyk dikeldiş çäresine gatnaşýar — olar Hirosaki galasynyň 360 tonnalyk diňini el bilen çekip süýşürýär. Iki günüň dowamynda binany 2 metrden gowrak ara süýşürmek başartdy diýip, «The Guardian» habar berýär.

2015-nji ýylda öňki ýertitremelerde zeper ýeten daş binýadyny dikeltmek we berkitmek üçin diň tas 80 metr gapdala süýşürildi. 2024-nji ýylyň ahyryna çenli diwaryň abatlaýyş işleri tamamlandy we 2185 daşyň ählisi öz ýerine goýuldy. Indi bolsa 1810-njy ýylda gurlan diňi öňki ýerine gaýtaryp getirýärler.

Munuň üçin hikiýa diýlip atlandyrylýan ýapon tehnikasy ulanyldy, bu usulda binalary sökmän, olary tutuşlygyna ýörite tigirli platformalara ýerleşdirip süýşürýärler.

Bu aksiýa gatnaşmaga dünýäniň ähli ýerinden örän köp adam isleg bildirdi.

«Soňky iki günüň dowamynda biz 1,8 müň orun üçin 8 müňe golaý arza kabul etdik, bu bolsa isleg bildirýänleriň sanyndan dört esse dagy köp. Şol sebäpli hemmeler gatnaşyp bilmedi. Arzalar diňe bir şäherden däl, eýsem tutuş Ýaponiýadan hem-de daşary ýurtlardan; Günorta-Gündogar Aziýadan, Ýewropadan we Demirgazyk Amerikadan gelip gowuşdy» – diýip, Hirosaki şäheriniň seýilgähler we ýaşyl zolaklar bölüminiň ýolbaşçysy Kensuke Haýasaka gürrüň berdi.

Saýlanan meýletinçiler 80 adamdan ybarat toparlara bölündi. Olar uly göwrümli binany 30 metrlik tanaplar bilen çekdi.

Adamlaryň el güýji bilen diňi awgust aýynyň ahyryna çenli umumylykda 5 metr süýşürmek meýilleşdirilýär. Bu çäre ýerli ilatyň agzybirliginiň nyşany hökmünde gurnaldy. Binýada çenli galan 73 metr aralygy bolsa ýylyň ahyryna çenli agyr gurluşyk tehnikasynyň kömegi bilen geçiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.