Ýaponiýada 100 ýaşan we ondan uly adamlaryň sany ilkinji gezek 100 müňden geçdi. Bu barada Yomiuri gazeti habar berýär.
Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna görä, 1-nji sentýabrda ýurtda 100 ýaşdan geçen 107 677 adam hasaba alyndy. Bu görkeziji, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 7 914 adam köpdür.
Ministrlik bu maglumatlary her ýyl 21-nji sentýabrda bellenilýän Ýaşulular gününiň öňüsyrasynda ýygnaýar. Ýaponiýada 100 ýaşdan geçenleriň sany boýunça täze rekord eýýäm 56 ýyl bäri dowamly täzelenýär.
1963-nji ýylda, ýagny bu maglumatlar ilkinji gezek hasaba alnyp başlananda, Ýaponiýada bary-ýogy 153 sany uzak ýaşly adam bolupdyr.
100 ýaşdan geçenleriň, takmynan, 90%-ini aýallar düzýär. Olaryň sany 94 298 adam. Ýaponiýanyň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy Kioto şäherinden Fue Kişimoto bolup, ol 114 ýaşyndadyr.
100 ýaşdan geçen erkekleriň sany bolsa 13 379 adam. Olaryň arasynda iň ýaşulusy Kumamoto şäherinden bolan 112 ýaşly Hikaru Katodyr.