Ýewropanyň transfer bazary sowlup barýar — tomusky penjire eýýäm 1-2-nji sentýabrda ýapylýar we klublar düzümlerini güýçlendirmek üçin soňky geleşiklerini geçirýär.
Hemişekisi ýaly, esasy işjeňligi Angliýanyň Premýer-ligasy görkezýär. Bu ýerde öňdebaryjy klublar ahyrky pursatda hem rekord derejedäki şertnamalary baglaşmagyny dowam etdirýär.
«Liwerpul» «PSŽ-niň» 22 ýaşly hüjümçisi Bredli Barkolany satyn almak baradaky şertnamany ýapdy. Mersisaýdlylar oýunçy üçin bonuslar bilen birlikde, takmynan, 150 mln ýewro tölär.
Fransiýaly hüjümçi klub bilen 2032-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy.

Geçen möwsümde Barkola parižlileriň hatarynda ähli ýaryşlarda 49 oýna çykyp, 13 gol geçirdi we 7 assist etdi. Transfermarkt-yň maglumatlaryna görä, onuň bazar bahasynyň 90 million ýewro töweregidigi aýdylýar.
«Mançester Siti» «Lilliň» ýarymgoragçysy Aýýub Buaddi bilen bäşýyllyk şertnama baglaşandygyny yglan etdi.

Transferiň möçberi 95 million ýewro boldy, ýene 5 million ýewro mümkin bolan bonus hökmünde göz öňünde tutuldy.
Geçen möwsümde Buaddi ähli ýaryşlarda 42 oýun geçirip, bir assist bilen tapawutlandy. Oýunçynyň «Lill» bilen şertnamasy 2029-njy ýylyň tomsuna çenli niýetlenipdi. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, onuň bazar bahasy 80 mln ýewro.
Şol bir wagtyň özünde, «şäherliler» braziliýaly winger Sawinýo bilen hoşlaşdy — ol «Tottenhem Hotspura» geçdi. Şertnamanyň möçberi, takmynan, 99 million ýewro boldy. «Siti» üçin çykyş eden döwründe Sawinýo 84 oýna gatnaşyp, 7 gol geçirdi we Angliýanyň Kubogyny hem-de Liga Kubogyny gazandy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Sawinýo eýýäm «Tottenhemiň» düzüminde ilkinji oýnunda bir gol salmaga we bir assist etmäge-de ýetişdi.
«Çelsi» «Aston Willanyň» 33 ýaşly derwezebany we Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2022-nji ýylyň dünýä çempiony Emiliano Martinesiň geçendigini resmi taýdan yglan etdi. Derwezeban londonlylar bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy.

Transferiň bahasy 8,7 million ýewro boldy. Martines Birmingem klubunda 2020-nji ýylyň sentýabryndan bäri çykyş edip, 256 oýna gatnaşdy, 80 oýunda bir gol hem geçirtmedi. Ol 2025/2026 möwsüminde Ýewropa Ligasynda ýeňiji boldy. Futbolçynyň bazar bahasy 12 mln ýewro barabar.
Şol bir wagtyň özünde «Çelsi» 25 ýaşly hüjümçisi Nikolas Jeksony «Aston Willa» satdy. Futbolçynyň geçendigi barada Birmingem kluby öz resmi saýtynda habar berdi.

KHBS-iň maglumatyna görä, klub oýunçy üçin 70 million ýewro tölemäge taýýardy. Hüjümçi geçen möwsümi kärendesine hökmünde Mýunheniň «Bawariýasynda» geçirip, 34 oýunda 11 gol girizdi we 4 assist etdi.
Ol 2023-nji ýylyň tomsundan bäri «Çelsiniň» futbolçysydy we klub bilen şertnamasy 2033-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenipdi.
Daşkendiň «Pahtakor» futbol kluby Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň we «Arkadag» futbol klubunyň ýarymgoragçysy Arslan Wepaýewiň geçendigini yglan etdi. 18 ýaşly futbolçy özbegistanly klubuň düzümine erkin agent hökmünde goşuldy.
Wepaýew — «Altyn Täç» toparynyň ýetişdiren oýunçysy. Ol Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň düzüminde ýedi oýna gatnaşyp, bir gol geçirdi we bir assist etdi.
Beýleki esasy transferler barada gysgaça:
- Enso Fernandes «Mançester Siti» bilen şertnamany ylalaşdy: «Çelsiniň» ýarymgoragçysy «şäherliler» bilen dilden ylalaşyk gazandy. Fabrisio Romanonyň maglumatyna görä, resmi teklip häzirlikçe ýok, ýöne klublar ýakyn wagtyň içinde gepleşikleri geçirer. KHBS-iň habar bermegine görä, London kluby argentinaly üçin 140 million ýewro talap edýär.
- «Nýukasl» Niko Gonsalesi «Mançester Sitiden» satyn aldy: 24 ýaşly ispaniýaly ýarymgoragçy «Nýukasl» bilen uzak мöhletleýin şertnama gol çekdi. Ol täze klubda 6-njy belgi bilen çykyş eder. Maglumatlara görä, transferiň bahasy 58,5 million ýewro boldy.
- Omar Marmuş «Tottenheme» geçdi: «Mançester Siti» hüjümçini belli bir şertler berjaý edilen ýagdaýynda 58 million ýewro hökmany satyn almak hukugy bilen «Tottenheme» kärendesine berdi.
- Liam Delap «Nottingem Foreste» geçdi: «Çelsiniň» hüjümçisi karýerasyny «tokaýçylaryň» düzüminde dowam etdirer. Transferiň möçberi, takmynan, 52 million ýewro boldy.
- Rafael Leau «Galatasaraýa» geçdi: «Milan» 27 ýaşly hüjümçisiniň türk klubuna hemişelik esasda geçýändigini yglan etdi. Milanlylar üçin portugaliýaly oýunçy 2019-njy ýyldan bäri çykyş edip, 291 oýunda 80 gol geçirdi. Oýunçynyň bahasy 50 mln ýewro.

- «Barselona» Žezusy satyn almaga ýakyn we Liwakowiç bilen şertnama baglaşdy: Fabrisio Romanonyň habar bermegine görä, katalonlar «Arsenalyň» 29 ýaşly hüjümçisi Gabriel Žezusy 10 million ýewro we goşmaça bonuslar bilen satyn almaga golaýlaşdy. Şeýle hem «Barsa» «Fenerbahçeden» horwatiýaly derwezeban Dominik Liwakowiçiň transferini resmi taýdan yglan etdi. Oýunçy klub bilen 2030-njy ýyla çenli şertnama baglaşar.
- Olli Wotkins Saud Arabystanyna uçdy: «Aston Willa» öz hüjümçisiniň «Al-Hilýal» saud klubuna geçendigini resmi saýtynda habar berdi.
- Kessýäniň «Atalanta» gaýdyp gelmegi: 29 ýaşly iwuarly ýarymgoragçy Frank Kessýe erkin agent hökmünde «Al-Ahliden» geçip, «Atalanta» bilen 2029-njy ýyla çenli şertnama gol çekdi. Futbolçy «Atalantada» 2015-nji ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda hem oýnapdy.
- Palinýa «Benfikada», Körtis Jons «Interde»: Žoao Palinýa «Bawariýadan» «Benfika», takmynan, 14 million ýewro geçdi. Futbolçy portugal kluby bilen 2030-njy ýyla çenli şertnama baglaşdy. «Liwerpulyň» ýarymgoragçysy Körtis Jons bolsa Milan şäheriniň «Interi» bilen 2031-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy.