16 ýaşly «kalkulýator-oglan» Ginnesiň 9 rekordyny goýdy

Şu gün, 08:365,088
1 / 2

Göz öňüňize getiriň: ekranda bir pursatda 50 sany bäş belgili san peýda bolýar. Köpümiz olaryň, hatda ilkinji sanyny okamaga-da ýetişmeris. Emma 16 ýaşly Aarýan Şukla olaryň ählisini aňynda goşup, takyk netijäni aýdyp bilýär. Ol muny bary-ýogy 18,71 sekuntda ýerine ýetirýär.

Aarýan Ginnesiň rekordlar kitabynyň dokuz rekordynyň eýesi we mental hasaplamalary boýunça iki gezek dünýä çempiony. Muňa garamazdan, ol özüniň ukybynda hiç hili gudrat görmeýär.

«Kellede hasaplaýan wagtyň sekundyň bir böleginde köp zat bolup geçýär. Şonuň üçin kellämde nämäniň bolup geçýändigini anyk düşündirip bilemok. Men diňe duýgy bilen hasaplaýaryn. Aslynda, bu şeýle bir çalt amala aşýar welin, hasaplamaga synanyşyp, başga zat hakda oýlanmaga-da ýetişmeýärsiň».

Bu «kalkulýator oglanyň» hekaýasy haýsydyr bir üýtgeşik genetiki aýratynlykdan däl-de, çagalyk döwründäki höwesden başlanypdyr. Aarýan alty ýaşynda mental hasaplamalary bilen meşgullanyp başlapdyr. Sekiz ýaşynda halkara ýaryşlara gatnaşyp, ilkinji baýraklaryny gazanypdyr. 12 ýaşynda bolsa Germaniýada geçirilen Mental hasaplamalary boýunça dünýä çempionatynda ýeňiş gazanyp, özünden uly we has tejribeli bäsdeşlerinden öňe saýlanypdyr.

2024-nji ýylda Aarýan dünýä çempionatynda ýene bir gezek ýeňiş gazandy. Şol ýylyň dekabrynda bolsa Dubaýda geçirilen bir günlük synaglaryň dowamynda Ginnesiň alty rekordyny täzeledi. Olaryň arasynda 50 sany bäş belgili sany 18,71 sekuntda goşmak, 100 sany dört belgili sany 30,9 sekuntda goşmak we 200 sany dört belgili sany 1 minut 9,68 sekuntda goşmak ýaly netijeler bar.

Emma Aarýanyň hekaýasyndaky iň täsin zatlaryň biri onuň adaty durmuşydyr. Ýaryşlardan we türgenleşiklerden daşgary ol beýleki ýetginjekler ýaly kitap okamagy, kriket we futbol oýnamagy gowy görýär.

Häzirki wagtda Aarýanyň gazanan üstünlikleri dünýäde ýüze çykýan käbir tendensiýalaryň arasynda has-da ünsi çekýär. Çünki häzirki geçirilýän barlaglardan hem belli bolşy ýaly, sanly tehnologiýalaryň täsiri sebäpli mekdep okuwçylarynyň arasynda matematiki başarnyklaryň we ünsüň jemleniş derejesi dünýä boýunça peselip barýar.

Aarýanyň hekaýaty ajaýyp netije gazanmak üçin nähilidir bir syrly zehiniň ýa-da gökden inen ukybyň hökman däldigini, oňa derek ýönekeýje gündelik tertip-düzgüniň we aňy mümkin boldugyndan türgenleşdirip bilmegiň ýeterlikdigini görkezýär.