Polşaly ýetginjek ömrüniň her geçen gününi ýatlap bilýär

Şu gün, 10:43642

Polşanyň Krakow şäherindäki Ýagellon uniwersitetiniň alymlary gipertimeziýasy — üýtgeşik awtobiografik ýady bolan 16 ýaşly ýetginjegi öwrenýärler. Bu ýigdekçe aňyndaky ýatlamalaryň aýdyň görünmegi sebäpli, häzirki ýagdaýlarda ünsüni jemlemekde kösenýär.

Ady K.S.L. harplary bilen bellenen ýetginjek ömrüniň her geçen gününde nähili wakalaryň bolandygyny emgenmän aýdyp bilýär. Barlagçylar awtobiografik ýady barlamak üçin zerur bolan testleri geçirdi. Netijede, ýetginjek jemgyýetçilik wakalarynyň seneleriniň 51%-ini dogry atlandyrdy (gözegçilik toparyna gatnaşyjylarda bu görkeziji, takmynan, 20% boldy). Şonuň ýaly-da ol tötänleýin seneler aýdylanda, degişli günüň wakalaryny 83% takyklyk bilen ýatlamagy başardy.

«Barlaga gatnaşyjymyzyň öz durmuşy baradaky ýatlamalarynyň adaty däldigine düşünip başlanyndan soň, özüniň biz bilen habarlaşandygyny aýratyn nygtasym gelýär. Ajaýyp awtobiografik ýady bolan käbir adamlaryň tä öz şahsy geçmişiniň näçe bölegini ýatlap bilýändikleri barada oýlanýançalar, öz ukyplarynyň näderejede üýtgeşikdigine düşünmezlikleri hem ähtimal» diýip, barlag işiniň ýolbaşçysy, professor Kristian Bažikowski belleýär.

Alymlar gipertimeziýaly adamlaryň, şol sanda K.S.L.-iň, fotografik ýadynyň ýokdugyny belleýär. Maglumatlara görä, olaryň ýadynyň takyklygy adaty adamlaryňkydan onçakly tapawutlanmaýar. Esasy aýratynlyk — wakalary dessin ýatlap bolýandygy we islendik zadyň, meselem, haýsydyr bir ysyň, reňkiň ýa-da tötänden aýdylan sözüň olara geçmişiň wakalaryny aňsatlyk bilen, ýygy-ýygydan ýatlamaga kömek edýänligidir.

Alymlar barlagyň çäklendirmeleri hökmünde testleriň uzak aralykdan geçirilendigini we diňe ýetginjegiň özi barada beren maglumatlaryna esaslanylandygyny belledi. Olaryň pikirçe, geljekki barlaglarda bu şertleri hökmany suratda üýtgetmek gerek.