Hytaý maýadary Garagalpagystanda 4 tonna altyn tapdy

Şu gün, 11:471,867

Garagalpagystanda hytaý maýadary «Urusoý» ýatagynyň 200 gektar meýdanynda dört tonna altyn tapdy. Häzirki nyrh boýunça tapylan goruň gymmaty, takmynan, 563 million dollar diýlip bahalandyrylýar. Gazeta.uz neşiriniň habar bermegine görä, bu barada Nukusda geçirilen maslahatda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew mälim etdi.

Özbek lideriniň sözlerine görä, sebitiň diňe 20% meýdanynda geologiýa-gözleg işleri geçirilipdir, diýmek, çig mal gorlary barada maglumatlar doly däl.

Garaözek etrabyndaky «Urusoý» ýatagyna kompaniýa 33 million dollar maýa goýup, täze tehnologiýalary ornaşdyrdy. Tapylan altyn gorlaryndan başga-da, taslama 320 iş ornuny döretmäge mümkinçilik berdi.

Mirziýoýew jogapkär işgärlere bir aýyň dowamynda maýadarlaryň gozgan meselelerini çözmegi, 1000 iş orunlyk altyn çykarmak we gaýtadan işlemek klasterini döretmegi, şeýle hem geologiýa-gözleg boýunça toplumlaýyn maksatnama taýýarlap, ýataklaryň gorlaryny gaýtadan bahalandyrmagy tabşyrdy.

Mineral çig maly gaýtadan işlemek meselesine-de aýratyn üns berildi. «Barsagelmez» ýatagyndan her ýyl 1 million tonna tehniki duz gaýtadan işlenmezden satylýar. «Kuskanataw» ýatagynda mirabilit gaýtadan işlenip, ýylda 45 müň tonna çenli natriý sulfaty öndürmek, astrahanitden bolsa magniý sulfaty almak meýilleşdirilýär.

Şeýle-de nemes kompaniýasy Beruni etrabyndaky kwarsit ýatagyna 30 million dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu ýerde kristal kremniý öndürmek we ýylda 25 million dollarlyk önümi eksport etmek göz öňünde tutulýar.

Himiýa senagatynda goşmaça 200 million dollarlyk taslamalary amala aşyrmak we 5000 iş ornuny döretmek meýilleşdirilýär.