Alymlar Hindi ummanynyň günorta bölegindäki Kergelen adalarynda pingwinleriň täze görnüşini tapdy. Ol 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda beýan edilen ilkinji täze pingwin görnüşi boldy diýip, «ScienceDaily» neşiri habar berýär.
Täze görnüşe Pygoscelis kerguelensis diýlip at berildi. Ozal bu guşlar papua pingwinlerine degişli edilýärdi, ýöne genetiki seljerme olaryň görnüşiň beýleki wekillerinden ep-esli tapawutlanýandygyny görkezdi.
Alymlar 10 sany koloniýadan 64 pingwiniň doly genomlaryny öwrenip, bir hasaplanan görnüşiň hakykatda 4 sany özbaşdak görnüşden ybaratdygyny kesgitledi. Kiçi görnüşler diýlip hasaplanan ýene 3 populýasiýany hem aýratyn görnüş hökmünde ykrar etmek teklip edildi.
Bu görnüşler, takmynan, 300–500 müň ýyl mundan ozal ewolýusiýanyň netijesinde biri-birinden tapawutlanyp başlapdyr. Sebäpleriň biri uzak adalarda populýasiýalaryň köp wagtlap geografik taýdan bölünmegi bolupdyr.

Alymlar bu täze görnüşiň howanyň üýtgemegi sebäpli howplar bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini duýdurýar. Klimat modeline görä, 2050-nji ýyla çenli olaryň häzirki duş gelýän adalarynda ýaşamagy üçin amatly şertler azalyp biler.
Papua (Gentu) pingwinleri Antarktik ýarym adasynda we subantarktik arhipelaglarynda ýaşaýar. Olar suwda sagatda, takmynan, 36 km tizlik bilen ýüzüp bilýär. Şol sebäpli hem olar iň çalt ýüzýän pingwinleriň biri hasaplanýar.