Ýuwdup bolýan batareýa döredildi: ol aşgazanda öz-özünden dargap gidýär

Düýn, 17:394,101
1 / 5

Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary adamyň aňsatlyk bilen, howatyrlanman ýuwdup biljek howpsuz lukmançylyk enjamlaryny döretmek ugrunda möhüm ädim ätdi. Olar adam aşgazanynda öz iş möhletini tamamlandan soň doly dargap bilýän kiçi göwrümli batareýalary döretdiler.

Enjamyň gurluşy hakda Nature Chemical Engineering žurnalyndaky makalada gürrüň berilýär.

Häzirki wagtda ulanylýan kapsula görnüşli batareýalaryň howply kemçiligi bar — olaryň düzüminde zäherli maddalar bar. Şeýle batareýalarda litiý we kümüş oksidi ulanylýar. Gabygy zaýalanan ýagdaýynda bu maddalar adam üçin howply bolup biler.

Täze batareýa bolsa biorezorbirlenýär, ýagny wagtyň geçmegi bilen organizm tarapyndan özleşdirilip, doly dargap, bedenden tebigy ýagdaýda çykarylýar. Alymlar ony ýasanlarynda az mukdarda adam üçin howpsuz bolan we soňra bedende kem-kemden özleşýän materiallary saýladylar.

Batareýanyň gurluşynda magniý anod, molibdeniň trioksidinden ýasalan katod we ion suwuklygy esasynda taýýarlanan gel elektroliti ulanylýar. Ulgam bilelikde 1,84 wolt kuwwaty öndürmäge ukyply.

Geljekde şeýle enjamlary dermanlaryň täsirine gözegçilik etmek we käbir keselleri bejermek üçin lukmançylyk implantlarynda ulanmak meýilleşdirilýär. Mysal üçin, batareýaly ýuwdulan kapsula aşgazan-içege ulgamynyň içinde derman serişdesiniň zerur mukdaryny takyk bölüp çykaryp biler ýa-da soňra hirurgiki usulda çykarylmagyny talap etmezden diagnostika geçirmäge ýol berer

Inženerler batareýanyň iki görnüşini synagdan geçirdiler. Olaryň biri diametri 7,5 millimetr bolan tegelek, beýlekisi bolsa uzynlygy 24 millimetr bolan gönüburçly görnüşde taýýarlanyldy.

Aşgazan şiresine meňzeş emeli erginde batareýalar üç gün töweregi durnukly işledi, soňra güýji peseldi. Birnäçe hepdeden soň bolsa doly hatardan çykdy.