Halkara alymlar topary, şol sanda Moskwa döwlet uniwersitetiniň Zoologiýa muzeýiniň hünärmenleri adaty bolmadyk gyzardygulak hažžygynyň (Phrynocephalus mystaceus) gelip çykyşyny anyklady.
Geçirilen barlag bu görnüşiň ýeke-täk ewolýusion şahadan däl-de, iki dürli toparyň gadymy döwürde garyşmagy netijesinde emele gelendigini görkezdi.
Giň gerimli barlagyň netijeleri Molecular Phylogenetics and Evolution žurnalynda çap edildi.
Alymlar Hazar deňzinden Tibet belentliklerine çenli çöllerde ýaşaýan patma hažžyklarynyň belli bolan görnüşleriniň tas ählisine degişli 26 sany nusganyň genomyny öwrendi. Geçirilen seljerme 4,8 milliondan gowrak genetiki tapawudy ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem patma urugynyň wekilleri üç esasy topara bölündi: Alynky Aziýa şahasy (Günbatar Aziýa), Merkezi Aziýa şahasy we janly çagalaýan şahasy. Soňky topar sowuk Tibet belentlikleriniň agyr şertlerine uýgunlaşan görnüşleri öz içine alýar.
Barlagyň iň möhüm açyşy bolsa gyzardygulak bilen baglanyşykly boldy. Adaty bolmadyk göwresi we «gulaga» çalymdaş deri gasynlary sebäpli, onuň gelip çykyşynyň syry öňden bäri köpleri gyzyklandyryp gelýärdi.

Alymlar onuň genleriniň takmynan ýarysynyň bir toparyndan, galan ýarysynyň bolsa başga bir toparyndan gelip çykandygyny anyklady. Genleriň iki dürli toparyň arasynda şeýle deňeçer paýlanmagyna «deňagramly gibridleşme» diýilýär.
Barlagyň awtorlarynyň biri, Moskwa döwlet uniwersitetinden Roman Nazarowyň bellemegine görä, çylşyrymly toparlaryň ewolýusiýasy hemişe diňe şahalanýan «ewolýusion agaç» görnüşinde bolup geçmeýär. Gyzardygulagyň mysalynda bolsa gadymy döwürde dürli toparlaryň arasynda genleriň alşylmagy onuň häzirki özboluşly görnüşiniň emele gelmegine getiripdir.
Alymlaryň maglumatyna görä, ähli patma hažžyklarynyň umumy atasy, takmynan, 39,7 million ýyl ozal häzirki Eýran belentliginiň çäginde peýda bolupdyr. Soňra howanyň üýtgemegi we çölleriň giňelmegi netijesinde yssy, gurak howa, hatda Tibetiň gazaply şertleri bilen hem uýgunlaşan täze görnüşler emele gelipdir.
Bu açyş ewolýusiýanyň diňe kem-kemden bolup geçýän üýtgeşmeler arkaly däl-de, eýsem dürli nesil şahalarynyň garyşmagy arkaly hem amala aşyrylýandygyny görkezýär. Şeýle garyşma bolsa ýaşaýşyň düýbünden täze görnüşleriniň döremegine ýol açyp bilýär.