Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri «Byçgy» (Saw) kinofranşizasynyň täze bölüminiň işlenip taýýarlanýandygy barada habar berýär. Ilkinji filmi dörediji Jeýms Wan onuň prodýuseri hökmünde çykyş eder.
Režissýorlyk ornuny Maýk Pi Nelson («Ümsüm gije, ölümli gije») eýelär. Filmiň ssenarisini «Alaň: Welilik» serialynyň awtorlary Gregori Weýdman bilen Jeff Tok taýýarlar. Sýužet barada maglumatlar häzirlikçe ýok, filmiň çykjak senesi hem belli däl. Megerem, gürrüň ýene-de «Konstruktor» lakamly zabun ganhor Jon Kramer (Tobin Bell) we onuň gynama oýunlary barada bolsa gerek.
«Byçgy» ilkinji gezek 2004-nji ýylda ekrana çykypdy. Onuň iň soňky, onunjy bölümi bolsa 2023-nji ýylda çykaryldy. Ähli filmler bilelikde 1 milliard dollardan gowrak serişde toplady. «Byçgynyň» on birinji filminiň 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda badalga almagyna garaşylýardy, ýöne Lionsgate studiýasy meýilnamadan ýüz öwrüp, filmiň surata düşürilmegini ýatyrdy.