The New York Times XXI asyryň iň gowy 100 serialyny saýlady

Şu gün, 09:201,351

The New York Times XXI asyryň iň gowy 100 serialynyň sanawyny çap etdi. Sanawy taýýarlamaga aktýorlar, ssenariçiler, serial döredijiler, prodýuserler we telewideniýe pudagynyň beýleki hünärmenlerinden ybarat jemi 500-den gowrak adam gatnaşdy. Olaryň her birine on serialyň adyny aýtmaga rugsat edildi.

Saýlawçylaryň arasynda ýazyjy Stiwen King, «Simpsons» multserialynyň döredijisi Met Greýning, YouTube kompaniýasynyň baş direktory Nil Mohan hem-de meşhur seriallarda surata düşen aktýorlar bar.

Sanawa diňe 2000-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň ilkinji gezek görkezilen seriallar girizildi. Şol sebäpli «Sopranolar klany» serialy sanawa girmedi. Sanawy taýýarlanlaryň bellemegine görä, bu serial soňky çärýek asyrda döredilen iň gowy seriallaryň tas hemmesine diýen ýaly uly täsir edipdir.

Ine-de, sanawyň ilkinji 20-ligi:

  1. «Garadan gaýtmaz» (Breaking Bad) — 2008–2013, AMC

  2. «Gizlin diňleme» (The Wire) — 2002–2008, HBO

  3. «Telbeler» (Mad Men) — 2007–2015, AMC

  4. «Mirasdarlar» (Succession) — 2018–2023, HBO

  5. «Bolgusyz» (Fleabag) — 2016–2019, BBC Three / BBC One

  6. «Tagtlaryň oýny» (Game of Thrones) — 2011–2019, HBO

  7. «Wise-prezident» (Veep) — 2012–2019, HBO

  8. «30-njy studiýa» (30 Rock) — 2006–2013, NBC

  9. «Höwesiňe "haý" diý» (Curb Your Enthusiasm) — 2000–2024, HBO

  10. «Atlanta» (Atlanta) — 2016–2022, FX

  11. «Ofis» (The Office) — 2005–2013, NBC

  12. «Ösüşden galan» (Arrested Development) — 2003–2019, Fox / Netflix

  13. «Gyzlar» (Girls) — 2012–2017, HBO

  14. «Anna agşamynyň ýalkymy» (Friday Night Lights) — 2006–2011, NBC / The 101 Network

  15. «Müşderi hemişe öli» (Six Feet Under) — 2001–2005, HBO

  16. «Ofis», britan görnüşi (The Office) — 2001–2003, BBC Two

  17. «Amerikalylar» (The Americans) — 2013–2018, FX

  18. «Men seni ýok edip bilerin» (I May Destroy You) — 2020, BBC One / HBO

  19. «Çernobyl» (Chernobyl) — 2019, HBO / Sky Atlantic

  20. «Täç» (The Crown) — 2016–2023, Netflix

Sanaw diňe adaty telewideniýe seriallary bilen çäklenmeýär. The New York Times birnäçe bölümden ybarat bolan, haýsy görnüşde ýa-da haýsy dilde düşürilendigine garamazdan, islendik serialy bu saýlawa goşmaga mümkinçilik berdi.