Halkara gözlegçiler topary we Taxon Expeditions taslamasynyň meýletinçileri Çernogoriýada ylma näbelli bolan ýerde ýaşaýan kiçijik balykgulaklaryň Cochlostoma komarnica we Cochlostoma dobrido diýlip atlandyrylan iki täze görnüşini tapdylar.
Täze görnüşler Komarnisa jülgesine we Durmitor milli seýilgähine geçirilen ylmy ekspedisiýalaryň dowamynda ýüze çykaryldy.
Tapylan mollýuskalaryň konus şekilli gabyklarynyň uzynlygy bary-ýogy 6 millimetre golaý. Olar hek daşly gaýalarda ýaşaýar we lişaýnikler hem-de suwotular bilen iýmitlenýär.
Täze görnüşleriň adaty ýer balykgulaklaryndan birnäçe aýratynlygy bar. Olaryň gözleri duýujy şahajyklaryň ujunda däl-de, kellesiniň iki gapdalynda ýerleşýär. Mundan başga-da, gabygyň agzyny berk ýapýan tegelek gaty diski bar. Balykgulak gabygyň içine girende, bu disk gapy ýaly onuň daşky bölegini doly ýapýar.
Alymlar bu jandarlaryň täze görnüşlere degişlidigini diňe meýdan barlaghanasynda geçirilen genetiki seljermeden soň anyklady. Olara ady hem ekspedisiýa gatnaşyjylar dakdy. Cochlostoma dobrido görnüşiniň ady Çernogoriýadaky Dobri-Do platosynyň, Cochlostoma komarnica görnüşiniň ady bolsa Komarnisa jülgesiniň şanyna dakyldy.
Çernogoriýanyň Ekologlar jemgyýetiniň biology Ýowana Jokiç Balkanlarda heniz öwrenilmedik köp sanly jandaryň bardygyny belleýär.
Gynansak-da, bu täsin balykgulaklaryň ýaşaýan ýerlerine howp abanýar. Gidroelektrik bekediniň gurulýandygy sebäpli, Komarnisa jülgesini suwa basdyrmak göz öňünde tutulýar. Jokiç hem bu taslamanyň jülgäni hem-de onuň biodürlüligini doly ýok edip biljekdiginden howatyrlanýar.