Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli harby gullukçylaryň hem-de ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejeleri bermek, şeýle hem olary medallar bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
Harby we ýörite atlar, şeýle hem hünär derejeleri harby gullukçylaryň we işgärleriň harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, ýurduň goranyş kuwwatyny berkitmäge, kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmaga we jemgyýetde asudalygy gorap saklamaga goşan goşantlary göz öňünde tutulyp berildi.
Başga bir Perman bilen harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglandy. Sylaglar ýurduň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmäge, onuň çäk bitewüligini goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini üpjün etmäge goşan şahsy goşantlary, harby borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri, söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandyklary, köpýyllyk halal zähmeti hem-de döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin berildi.
Mundan öň habar berşimiz ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy.