26-njy sentýabrda 64-nji Nýu-Ýork kinofestiwalynda ýaponlaryň «Godzilla: Minus nol» filminiň dünýä premýerasy boldy. «Godzilla: Minus bir» filminiň gönüden-göni dowamyny onuň režissýory Takasi Ýamadzaki düşürdi diýip, Film at Lincoln Center habar berýär.
Görkeziliş festiwalyň ýörite gala-maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi. Premýera Ýamadzaki we filmiň aktýorlary gatnaşdy.
Filmdäki wakalar 1949-njy ýylda — «Godzilla: Minus bir» filminiň tamamlanmagyndan iki ýyl soň ýaýbaňlanýar. Filmiň dowamy uruşdan soňky Ýaponiýada täze heläkçilik bilen ýüzbe-ýüz bolýan Sikisima maşgalasy barada gürrüň berýär.
Filmiň hronometražy 135 minuta deň bolup, ol ýapon dilinde düşürildi we festiwal görkezilişleri üçin iňlis dilindäki subtitrler taýýarlandy.
Film giňişleýin prokata şu ýylyň 3-nji noýabrynda Ýaponiýada, 6-njy noýabrynda bolsa Demirgazyk Amerikada çykar.
«Godzilla: Minus nol» eýýäm «Metacritic» (78/100) we «Rotten Tomatoes» (94%) saýtlarynda ýokary bahalara mynasyp boldy. Tankytçylar filmiň giň gerimde we wizual tarapdan ýokary derejede düşürilendigini, ýöne onuň tomaşaçylara duýgy taýdan täsir etmekde birinji filmden öňe geçip bilmändigini belleýär.
Birinji bölüm 2023-nji ýylda çykypdy. 2024-nji ýylda film iň gowy wizual effektler üçin «Oskar» baýragyny aldy we Amerikan kinoakademiýasynyň baýragyna mynasyp bolan Godzilla baradaky ilkinji film boldy.