ABŞ-da bahasy $1 milliarddan geçýän 96 startapy hindistanly migrantlar esaslandyrdy

30.09.2026, 20:156,437
1 / 2

Amerikanyň Milli syýasat gaznasy (NFAP) ABŞ-da hususy eýeçilikdäki, bahasy 1 milliard dollardan geçýän 775 kompaniýany öwrendi. Netijede, olaryň 455-siniň, ýagny umumy sanynyň 59 göteriminiň migrantlar tarapyndan esaslandyrylandygy anyklanyldy.

ABŞ-daky şeýle hususy startaplaryň 96-synyň esaslandyryjylary ýa-da bilelikdäki esaslandyryjylary Hindistanda doglan adamlardyr. Bu görkeziji beýleki ýurtlaryň wekilleriniňkiden has ýokary.

Ikinji orunda Ysraýyl bolup, onuň paýyna 60 kompaniýa düşýär. Ondan soňra Beýik Britaniýa — 47, Hytaý — 41 we Kanada — 30 kompaniýa tertibinde ýerleşýär.

Barlagda Russiýa — 23, Fransiýa — 21, Germaniýa — 18, Ukraina — 16, Awstraliýa — 14, Pakistan we Rumyniýa hersinde 10, Braziliýa, Eýran we Liwan bolsa hersinde 9 kompaniýa bilen görkezilýär. Umuman, öwrenilen kompaniýalary döredijiler we bilelikdäki esaslandyryjylar 76 ýurtdan gelip çykýar.

NFAP daşary ýurtly talyplaryň hem bu ugurdaky ornuna aýratyn üns berdi. 775 kompaniýanyň 183-sinde, ýagny takmynan her dört kompaniýanyň birinde, esaslandyryjylaryň iň bolmanda biri, ABŞ ilkibaşda daşary ýurtly talyp hökmünde gelipdir. Gözlegçiler şeýle kompaniýalaryň esaslandyryjylarynyň we şärikdeşleriniň arasynda jemi 233 sany öňki daşary ýurtly talybyň bardygyny anyklady.

Şol bir wagtyň özünde, ýurtlar boýunça görkezilen sanlary goşup bolmaýar. Sebäbi käbir kompaniýalaryň dürli ýurtlardan gelip çykýan birnäçe migrant esaslandyryjysy bar.

Bu netijeler NFAP-yň migrantlaryň telekeçilikdäki ornuna bagyşlanan öňki gözleglerini täzeleýär we ABŞ-nyň startap ulgamynyň ýurduň daşynda doglan adamlara näderejede daýanýandygyny görkezýär.