Peacock striming platformasy «Forsaž» kinofranşizasy esasynda teleserial döreder. Bu barada Deadline neşiri habar berýär.
Taslamanyň ssenarisi Maýk Deniel we Wulf Koulman tarapyndan ýazylar. Serialyň ilkinji bölümleriniň 2028-nji ýylda görkezilmegine garaşylýar.
Häzirlikçe onuň bölümleriniň sany we aktýorlar düzümi barada anyk maglumat ýok. Serialyň çykaryljakdygyny maý aýynda franşizada baş keşbi janlandyran Win Dizel hem yglan edipdi. Ol taslamanyň ýerine ýetiriji prodýuseri hökmünde hem çykyş eder.
Aktýor serialy döretmek baradaky pikiriň Universal Studios-yň ýolbaşçysy Donna Lengliniň 2025-nji ýylda NBCUniversal-yň telewideniýe bölümine ýolbaşçylyk edip başlanyndan soň kellesine gelendigini aýtdy.
«Soňky on ýylyň dowamynda biz muşdaklaryň has köp zada garaşýandygyna göz ýetirdik. Olar tanyş gahrymanlarynyň hekaýalarynyň we başdangeçirmeleriniň dowam etdirilmegini isleýär. Şonuň üçinem soňky on ýylda biz telewideniýe bazaryna girmegiň kül-külüne düşdük» diýip, Win Dizel gürrüň berdi.
«Forsaž» Universal kinostudiýasynyň iň uzak wagt bäri dowam edip gelýän film franşizasydyr. Onuň umumy kassa ýygymy 7,3 milliard dollara ýetdi.
Kinofranşizanyň soňky bölümi boljak «Hemişelik Forsaž» filminiň surata düşürilişi dekabr aýynda başlanar. Ony 2028-nji ýylyň 17-nji martynda görkezmek meýilleşdirilýär.
Täze filmde franşizanyň ilkinji filmlerinde Braýan O’Konnoryň keşbini janlandyran merhum aktýor Pol Wokeriň emeli aň tarapyndan döredilen keşbi hem ulanylar.