Hawai adasynda meşhur tebigy ýadygärlik ýumruldy

Şu gün, 13:054,184
1 / 2

Hawai adasynyň kenarýakasynda ýerleşýän meşhur Hōlei Sea Arch tebigy arkasy Ýuwaş ummanyna opurylyp gaýtdy. "Hawai wulkanlary" milli seýilgähiniň çäginde ýerleşen bu tebigy ýadygärligiň, takmynan, 550 ýyl ýaşy bardy.

Deňiz tolkunlarynyň täsiri bilen lawadan emele gelen dag jynslarynyň ýuwaş-ýuwaş ýumrulmagy netijesinde dörän bu arkanyň beýikligi, takmynan, 27 metre ýetýärdi.

Onuň haçan ýumrulandygy anyk belli däl. Aýtmaklaryna görä, ol 23-nji sentýabrda-da öz ýerinde eken. Emma tropiki tupan sebäpli milli seýilgäh wagtlaýyn ýapylyp, gaýtadan açylandan soň bu ýere gelenler tebigy arkanyň ýok bolandygyny gördüler.

ABŞ-nyň Milli seýilgähler gullugy deňiz tolkunlarynyň yzygiderli täsiri we eroziýa sebäpli Hōlei Sea Arch-yň öňde-soňda ýumruljagynyň gutulgysyzdyny belleýär. Hünärmenler kenarýaka landşaftynyň şeýle üýtgemeleriniň kem-kemden bolup geçýändigini, ýumrulan tebigy görnüşleriň ýerinde wagtyň geçmegi bilen täze görnüşleriň emele gelip biljekdigini hem nygtadylar.

Ýerli häkimiýetler syýahatçylara seresap bolmagy we kenaryň durnuksyz, opurylmak howpy bolan ýerlerinden uzakda durmagy tabşyrýarlar.