«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Halkara zenanlar dialogynyň mejlisinde çykyş etmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy hanym Sýaoszýun Greýs Wan gender deňligini üpjün etmek boýunça amaly ädimleri tizleşdirmäge çagyrdy. Bu barada THP habar berýär.
BMG-niň wekili halkara meýdançany gurandygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.
Sýaoszýun Greýs Wan zenan liderleriň ornunyň barha ýokarlanýandygyna garamazdan, gender deňligi ulgamyndaky ulgamlaýyn meseleleriň çözülmän galýandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça Konwensiýa (CEDAW) kabul edilenden soň 45 ýylyň we Hereketleriň Pekin platformasyndan soň otuz ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, bu meseleler henizem dolulygyna çözülmän galýar.
«Şu gün biziň ýüzbe-ýüz bolýan meselämiz — bu halkara ykrarnamany nädip takyk hereketlere we aýdyň netijelere öwürmekden ybarat. Ösüşe diňe zenanlaryň güýji bilen ýetip bolmaz. Erkekler we oglanlar — bu ýolda deňhukukly hyzmatdaşdyr» – diýip, ol nygtady.
Türkmenistan barada aýtmak bilen, BMG-niň wekili gender deňligine ýetmegiň üç guralyna — maglumata, syýasata we hyzmatlara aýratyn üns çekdi. Ol ýurtda 6 600 maşgalany öz içine alýan köp görkezijili klaster barlaglarynyň geçirilmegini, Durnukly ösüş maksatlary boýunça üçünji meýletin milli synyň we Gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň taýýarlanmagyny belledi.