«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Arzuw» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet telewideniýe we radio guramalarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky maslahaty geçirilýär diýip, THP habar berýär.
Giň gerimli mediaforumyň guramaçysy hökmünde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti çykyş edýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar maglumatlar ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, gepleşiklere sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we bilelikdäki döredijilik taslamalaryny durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşýar.
Şeýle hem forumyň çäklerinde bir umumy maglumat giňişligini döretmek, hünär tejribesini alyşmak we ýokary hilli hem obýektiw media mazmuny arkaly medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek mümkinçiliklerine seredilýär.
Şeýle çäräniň Türkmenistanda geçirilmegi ýurduň açyk halkara dialogyna we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny ýene bir gezek subut edýär.
Maslahatyň netijeleri boýunça telewideniýe we radio guramalarynyň ýolbaşçylarynyň özara bähbitli resminamalaryň birnäçesine gol çekmegine hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemegine garaşylýar.