Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji Konsultatiw duşuşygyny açdy. Bu barada THP habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda sebit hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitläp, dünýäde çalt üýtgeýän ýagdaýlaryň şertlerinde döwletleriň bilelikde hereket etmeginiň möhümdigini nygtady. Onuň bellemegine görä, täze ýüze çykýan howplaryň we wezipeleriň şertlerinde netijeli dolandyryşyň hem-de ýagdaýlara aýgytly jogap bermegiň ähmiýeti barha artýar.
Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklarynyň formatyna goşulmagynyň Aziýadaky we Ýewropadaky hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin, şol sanda ykdysady ugurda täze mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy.
Prezident Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň logistika we energetika merkezleri hökmünde sebit we dünýä derejesindäki işlerde artýan ähmiýetine hem üns çekdi.
Döwlet Baştutany milli ykdysadyýetleriň depginli ösmeginiň, olaryň diwersifikasiýalaşmagynyň we tehnologik taýdan kämilleşmeginiň hyzmatdaşlygy hem-de özara bähbitli işewür gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berýändigini belledi.
Duşuşykda daşary syýasat, howpsuzlyk, söwda, ylym, bilim we ynsanperwer ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berilýär. Şeýle hem sebiti iri logistika we energetika merkezi hökmünde berkitmek, doganlyk halklaryň umumy ruhy we medeni gymmatlyklaryny gorap saklamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.