Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän iri halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurda gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejeli çärelere gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýandygy, yzygiderli syýasy dialogyň okgunly häsiýete eýedigi bellenildi.
«Biz Türkmenistan bilen Täjigistanyň halkara giňişlikdäki, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerindäki netijeli özara hyzmatdaşlygyna ýokary baha berýäris hem-de özara goldaw bermek, halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça ileri tutulýan garaýyşlary utgaşdyrmak däplerini dowam etmegi maksat edinýäris» – diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, özara söwdanyň möçberlerini artdyrmaga hem-de iki ýurduň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirildi.
Şeýle hem ulag-üstaşyr mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, ulag arabaglanyşyklaryny giňeltmek we energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek wajyp ugurlar hökmünde bellenildi. Taryhy we medeni ýakynlyga esaslanýan medeni-ynsanperwer ugruň hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidigi, medeniýet, bilim, ylym hem-de sport ulgamlarynda ynsanperwer alyşmalary giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändigi aýdyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler köpugurly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklap, iki dostlukly ýurduň halklaryna parahatçylyk, durnukly ösüş, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Ýatladyp geçsek, Emomali Rahmon Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda sebit ýurtlarynyň ykdysady, ulag, energetika we senagat hyzmatdaşlygy bilen bagly ençeme teklipleri öňe sürüpdi.