Hindistanyň Kawaratti adasynda bir wagtyň özünde elektrik energiýasyny öndürýän we deňiz suwuny süýjediji zawod synagdan geçirilýär diýip, ZME Science ýazýar.
Stansiýanyň görkezme nusgasy ummanyň ýyly üsti bilen has çuň sowuk gatlaklarynyň arasyndaky temperatura tapawudyny ulanýar. Ol günde 65 kilowata çenli elektrik energiýasyny we 100 müň litre çenli süýji suwy öndürmäge ukyply.
Kawaratti adasy Hindistanyň yklym böleginden, takmynan, 400 km uzaklykda ýerleşýär. Uzakdaky adalary elektrik energiýasy we agyz suwy bilen üpjün etmek wajyp meseleleriň biri bolup galýar. Şonuň üçin işläp düzüjiler täze tehnologiýanyň amaly taýdan näderejede ýaramlydygyny barlap görmek isleýärler.
Bu tehnologiýa OTEC (ocean thermal energy conversion) – ummanyň ýylylygyny energiýa öwürmek diýlip atlandyryldy. Ummanyň üstki gatlagy Gün tarapyndan gyzdyrylýar, ýöne onuň has çuňluklarynda suw sowuk bolýar. Kawaratti sebitinde suwuň üstki gatlagynyň temperaturasy, takmynan, 29°C-ä, bir kilometre golaý çuňlukda bolsa 7°C-ä deň.
OTEC-iň adaty enjamlarynda ýyly deňiz suwy, mysal üçin, ammiak ýaly pes temperaturada gaýnaýan suwuklygy gyzdyrýar. Emele gelýän bug turbinany aýlaýar, soňra bolsa çuňlukdaky suw bilen sowadylýar we gaýtadan suwuklyga öwrülýär.

Hindi enjamy başga bir ýörelgäni ulanýar. Nasoslar basyşy peseldýär, munuň netijesinde deňziň ýyly suwy has pes temperaturada bugarýar. Bug turbinany aýlaýar we çuňlukdaky sowuk suw bilen gatnaşykda kondensirlenýär. Alnan kondensaty süýji suw hökmünde ulanyp bolýar. Turbinanyň aýlanma energiýasy bolsa elektrik toguna öwrülýär.
Näme üçin bu tehnologiýa hemme ýerde ulanylmaýar?
Bu usulyň artykmaçlyklaryna garamazdan, ummanyň ýylylyk energiýasyny öwürmeklik möhüm tehniki we ykdysady çäklendirmelere sezewar bolýar. Temperaturalaryň arasyndaky tapawut uly bolmansoň, ulgamyň işlemegi üçin uly turbalary, nasoslary, ýylylyk çalşyjy enjamlary we gymmat bahaly deňiz desgalaryny gurmak zerurlygy ýüze çykýar.
2023-nji ýyldaky berlen synda şeýle gurnamalaryň netijeliligi 2,5-5,3% diýlip kesgitlenildi. Haýrynyň pesligi hem-de çykdajylarynyň ýokarylygy olaryň giňden ýaýramagyny kynlaşdyrýar.
Şonuň üçin OTEC adaty elektrik stansiýalarynyň ornuny hemme ýerde tutup bilmese gerek. Şeýle-de bolsa, tehnologiýa ygtybarly elektrik energiýasyna we süýji suwa mätäçlik çekýän uzakdaky adalar üçin peýdaly bolup biler. Şeýle şertlerde gurluş daşyndan getirilýän dizel ýangyjyna we beýleki gymmat düşýän çeşmelere garaşlylygy azaldyp biler.