Fransiýada şenbe güni seýrek duş gelýän gülgüne göwher köpçülige görkezildi. Bu 100 ýyl mundan ozal ogurlanan gymmatbaha daşyň ilkinji gezek sergä çykarylyşydyr. Ol iň soňky gezek 1926-njy ýylyň oktýabr aýynda, talaňçylykdan öň halka görkezilipdi.
«Grand Konde» (Grand Condé) diýlip atlandyrylýan, armyt şekilli bu seýrek göwheriň agramy 9,01 karata deňdir. Ol Parižiň golaýyndaky Şantilýi galasyna gijeki hüjüm wagtynda ogurlanypdyr. Tejribesiz ogrular göwheri almanyň içinde gizläpdirler.
Fransuz rewolýusiýasy döwründe ýok edilmän galan seýrek şa gymmatlyklarynyň biri bolan bu göwher birnäçe hepde geçenden soň garaşylmadyk ýagdaýda tapyldy. Ogrularyň düşlän myhmanhanasynda işleýän hyzmatçy aýal ajygyp, olaryň otagyndaky almany dişlände, onuň içinden göwher çykypdyr.

Indi bu gymmatbaha daşy Şantilýi galasyndaky Konde muzeýinde synlamak mümkin. «Gülgüne göwher» («Le Diamant Rose») diýlip atlandyrylýan sergi geljek ýylyň 3-nji ýanwaryna çenli dowam eder.
Muzeýiň direktory Matýo Deldigiň aýtmagyna görä, almanyň içinden göwheriň tapylmagy baradaky waka ynandyryjylykly bolmasa-da, şol döwür metbugatda giňden ýaýradylypdyr.
Soňky bir ýylyň dowamynda medeni gymmatlyklaryň ogurlanmagy bilen bagly birnäçe waka, şol sanda 2025-nji ýylyň oktýabrynda Luwr muzeýinde amala aşyrylan uly talaňçylyk bolup geçensoň, žurnalistler Deldikden: «Hernä, bu sergi göwher üçin ykbal synagy bolaýmaz-da?!» diýibem soradylar.
Muzeýiň direktory CNN teleýaýlymyna göwheriň ätiýaçlandyryş bahasyny aýtmakdan ýüz öwürdi. Emma ol gymmatbaha daşyň jikme-jik ylmy barlagdan geçirilendigini we indi ony ýalňyşman tanap bolýandygyny belledi.
Konde muzeýiniň wekilleriniň habar bermegine görä, ylmy barlagyň netijeleri, şeýle hem göwheriň taryhy we ogurlanyşy baradaky ozal çap edilmedik arhiw maglumatlary hem sergide görkezilýär.