Parižiň golaýyndaky Fontenblo tokaýlygynda iýul aýynda başlanan ýangyny indi söndürmek başartdy. Bu barada Fransiýanyň Sena we Marna departamentiniň prefekturasy habar berdi.
Ýangynyň meýdany, takmynan, 2 müň gektara ýetdi. Onuň bilen göreşmek üçin ýangyn söndürijilerden we halas edijilerden başga, harby güýçler hem çekildi.
Häkimiýetleriň berýän maglumatyna görä, tokaý zolagynyň çäginde indi alawlaýan ojak galmady. Birnäçe hepdelik gözegçilikden soň, adatdan daşary gulluklar ýangynyň doly söndürilendigini tassykladylar.

Şeýle-de bolsa, adamlara häzirlikçe tokaýyň ähli çäklerine barmaga rugsat berilmeýär. Zolagyň, takmynan, 80%-i gezelenç etmek üçin açyk, galan ýerler bolsa howpsuzlyk sebäpli hem-de dikeldiş işlerini geçirmek maksady bilen ýapyklygyna galýar.
Fransuz häkimiýetleri tokaý ýangynyna diňe bir gurakçylygyň däl, eýsem ot bilen seresapsyz çemeleşmäniň hem sebäp bolandygyny aýdýarlar. Ýurduň çäginde şu ýylky ilkinji uly ýangynlar iýulyň ortalarynda — ilki Parižiň eteklerinde, soňra bolsa Fransiýanyň günorta-günbatarynda ýüze çykdy.
BMG-niň maglumatyna görä, iýul aýynyň ahyryna çenli tokaý ýangynlary tutuş Ýewropada 430 müň gektardan gowrak tokaýy ýok etdi. EUobserver neşiriniň bahalandyrmagyna görä, yssy howa netijesinde Ýewropanyň çeken ykdysady zyýany 800 milliard ýewro barabar boldy.