17–18-nji oktýabrda Bagdat şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.
Mejlisiň dowamynda halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, şeýle hem Gurama agza döwletleriň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň möhüm netijeleriniň biri Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Bitaraplyk syýasatynyň YHG-niň giňişliginde we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi goldamakdaky we pugtalandyrmakdaky orny» atly rezolýusiýanyň kabul edilmegi boldy. Bu resminama Gurama agza döwletler tarapyndan ýene-de goldanyldy. Bu bolsa bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakdaky ähmiýetiniň halkara derejede ykrar edilýändigini tassyklaýar.

Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti çykyş edip, ýurdumyzyň YHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň halkara ynamy pugtalandyrmaga, dialogy we öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, şeýle hem halkara hukugyň hökmürowanlygyny üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasy başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky teklibiň ähmiýeti nygtaldy. Bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanylypdy.
Mejlisiň dowamynda beýleki meselelere hem garaldy. Hususan-da, Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Yslam guramasynda (ICESCO) synçy derejesini alandygy bellenildi. Bu ýagdaý agzalan ugurlarda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär.
Türkmenistan YHG agza döwletler bilen söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdi.