Iň uly ogurlyk: Hakerler Binance kriptobiržasyndan $5 milliard çemesi ogurlan bolmagy ahmal

Şu gün, 09:372,461

30-njy oktýabra geçilýän gije näbelli hakerler dünýäniň iň iri kriptobiržasy bolan Binance-i döwüp, dürli bahalandyrmalara görä, 1,7 milliarddan 5,5 milliard dollara çenli kriptowalýutany öz hasaplaryna geçiripdirler. Çaklamalar tassyklansa, bu taryhdaky iň uly kriptowalyuta ogurlygy bolar.

Binance-iň özi häzirlikçe diňe derňew işleriniň alnyp barylýandygyny we ulanyjylaryň serişdeleriniň «doly howpsuz» ýagdaýda saklanýandygyny mälim etdi. Muňa garamazdan, dünýäniň dürli künjeklerindäki maýadarlar eýýäm öz hasaplaryndaky kriptowalýutalary köpçülikleýin satyp başladylar. Netijede, bitkoiniň bahasy 3,5%, Ethereum-yň bahasy bolsa 4%-den gowrak pese düşdi.

Tether (USDT) we Circle (USDC) steýblkoinleriniň operatorlary ogurlanan 1,7 milliard dollarlyk serişdäni dessine doňdurandyklaryny habar berdiler. Şonuň üçin Binance-iň çeken umumy zyýanynyň möçberi häzirlikçe näbelli bolmagynda galýar.

Bu wakadan öň kriptobiržalara edilen iň uly haker hüjümi hökmünde Bybit biržasyndan 1,5 milliard dollaryň ogurlanmagy hasaplanýardy.