Godzilla hakdaky täze ýapon filmi ABŞ prokatynda öňe saýlandy

Şu gün, 08:082,056
1 / 2

Ýaponiýanyň «Godzilla: Minus nol» filmi ABŞ-nyň we Kanadanyň kassa ýygymynda birinji orny eýeledi. Film bu ýurtlarda şenbe we ýekşenbe günleri 31,6 million dollar girdeji gazandy, dünýädäki umumy girdejisi bolsa 63 milliona ýetdi diýip, Variety we ABC News neşirleri habar berýär.

Demirgazyk Amerikada film iňlis subtitrleri bilen ýapon dilinde görkezildi. 

Täze film 1954-nji ýylda badalga alan «Godzilla» franşizasynyň 39-njy bölümidir.

«Godzilla: Minus noldaky» wakalar 1949-njy ýylda Ýaponiýada bolup geçýär. Ol 2023-nji ýylda ekrana çykan we iň gowy wizual effektler üçin «Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Godzilla: Minus bir» filminiň dowamydyr.

Ýaponiýada täze film 3-nji noýabrda tomaşaçylara ýetirildi we ilkinji gününde 5,75 million dollar girdeji gazandy. Bu görkeziji «Godzilla: Minus biriň»  ilkinji günündäki girdejisinden iki esse ýokary boldy.