9-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, maslahatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna we sebitleriň ösüş meselelerine seredildi.
Häkimler pagta ýygymynyň dowam edýändigi, güýzki bugdaý ekişi, ekinlere ideg edilmegi we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýygymy barada hasabat berdi.
Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ýetişdirilen pagta hasyly ýygnalýar. Prezident hasylyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny üpjün etmegi we işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Maslahatda Balkan welaýatynyň daýhanlarynyň pagta öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendigi we Watan harmanyna hasyly tabşyrandyklary habar berildi.
Şeýle hem sebitlerde güýzki bugdaý ekişi tamamlanýar. Ekin ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwy tutulýar, gögeriş alnan ýerlerde mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ideg etmek işleri dowam etdirilýär.
Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar. Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ýygymyna taýýarlyk görülýär. Şol bir wagtyň özünde, sebitlerde içerki bazary üpjün etmek üçin ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriniň hasyly ýygnalýar.
Döwlet Baştutany agrotehniki möhletleri berjaý etmegi we ekinlere öz wagtynda ideg etmegi, şol sanda haşal otlara garşy göreş çärelerini alyp barmagy tabşyrdy. Şeýle hem ol pagta we bugdaý öndürijileri bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmelidigini nygtady.
Maslahatda şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän durmuş, medeni we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy hem aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezident gurluşygyň ýokary hiliniň we bellenilen möhletleriň berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.