Tailandyň Phi-Phi-Le adasyndaky Maýa-Beý aýlagy ozal jahankeşdeleriň iň köp gelýän ýerleriniň biri hökmünde tanalýan bolsa, indi özünde ýaşaýan gara ýüzgüçli rif akulalarynyň sany boýunça-da rekord goýdy. Bu barada Thai PBS World neşiri habar berýär.
Noýabr aýynda geçirilen gözegçilik işleriniň dowamynda deňiz biologlary aýlagda jemi 451 sany akulany hasaba aldylar.
Barlag işleri 7 gün dowam etdi. Hünärmenler bu döwürde dronlaryň kömegi bilen 15 gezek howa gözegçiligini geçirip, suwuň astynda 22 gezek wideo ýazgy etdiler we şonça gezegem suwuň hilini ölçediler. Alnan maglumatlara görä, uzynlygy bir metrden geçýän akulalaryň köpüsi kenaryň golaýyna we aýlagyň sag tarapyndaky gaýalaryň boýuna ýygnanypdyr.
Alymlar akulalaryň bu ýerde şeýle köp ýygnanmagyny köpelmek döwri bilen baglanyşdyrýarlar. Emma bu çaklamany tassyklamak üçin goşmaça barlaglaryň geçirilmegi zerur. Mundan başga-da, ýalpak suwly ýerlerde uzynlygy bir metre ýetmeýän 3–5 sany ýaş akula hem ýüze çykarylypdyr.
Maýa-Beý aýlagy ekoulgamy dikeltmek maksady bilen 2018-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli jahankeşdeler üçin doly ýapylypdy. Häzirki wagtda bu aýlag her ýyl 1-nji awgustdan 30-njy sentýabra çenli ýapylýar. Şeýle hem bu ýere gelýän jahankeşdeleriň sany çäklendirilip, bir sagatlyk gezelenç wagty bilen diňe 375 adam goýberilýär.
Aýlagda suwa düşmek gadagan. Syýahatçylyk gämilerine hem aýlagyň içine girmäge rugsat berilmeýär.