14-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän «Garagum» myhmanhanasynyň golaýynda gurulýan «Depegum» söwda merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowa täze söwda merkeziniň bölümleri, içki we daşky bezegleri, yşyklandyryş ulgamy barada giňişleýin maglumat berýän şekil taslamalary görkezildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze söwda merkeziniň örän amatly künjekde ýerleşendigini belledi. Ol merkeziň keşbiniň ugurdaş desgalar bilen sazlaşmagynyň, onuň daşky we içki bezeg işlerinde hem reňk sazlaşygyna ähmiýet bermegiň möhümdigini aýdyp, bu babatda özüniň öwüt-ündewlerini berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hem-de «Rönesans Holding» kompaniýasynyň Türkmenistandaky baş direktory Erdal Gýuner şekil taslamalarynyň aýratynlyklary we merkezde ornaşdyrylýan LED ekranlary hem-de yşyklandyryş ulgamy barada giňişleýin maglumat berdi.
Merkezde işewürlik toplumy we täjirçilik merkezi göz öňünde tutulýar. Şeýle-de onda adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň isleg bildirýän kitaplaryny okap biler ýaly döwrebap elektron kitaphananyň döredilmegi meýilleşdirilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow kitap okaýanlar üçin çaý, kofe we dürli tagamlary hödürleýän hyzmatlaryň ýola goýulmalydygyny hem-de ýaşlaryň döredijilik bilen meşgullanmagy üçin amatly şertleriň döredilmelidigini aýtdy.
Çagalaryň we ýaşlaryň älem giňişligini, asman jisimlerini hem-de esasy ylymlary öňdebaryjy ses we ýokary hilli bilim tehnologiýalary arkaly öwrenmekleri üçin niýetlenen ýörite meýdança hem Söwda merkeziniň esasy aýratynlyklarynyň biri bolar. Mundan başga-da, çagalaryň sanly ulgam arkaly surat çekmek we dürli çyzgylary ýerine ýetirmek endiklerini ösdürmek, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny hem-de emeli aň mümkinçiliklerini özleşdirmekleri üçin zerur şertler ýola goýlar.
Söwda merkezinde uly gümmez ekrandan we köp okly hereketli oturgyç ulgamyndan ybarat bolan Uçuş kinoteatry hem döredilýär. Bu ýerde sanly ulgam we emeli aň mümkinçilikleri arkaly tomaşaçylar ýeli, suw damjalaryny we ýakymly ysy duýup, şeýle-de ýörite ulgamlar arkaly hakyky uçuş duýgusyny başdan geçirip biler. Myhmanlar dünýä ýurtlarynyň taryhy, medeniýeti we şäherleri bilen tanyşmak mümkinçiligini hem alar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri merkeziň ähli bölümleriniň diwarlarynda monitorlaryň ýerleşdirilmelidigini we olarda mahabatlaryň hem-de bölümleriň ýerleşişi baradaky maglumatlaryň görkezilmelidigini nygtady.
Şeýle-de ol Söwda merkezini «Garagum» myhmanhanasy bilen birikdirýän ýapyk geçelgäniň ugrunda söwda nokatlarynyň döredilmeginiň, olarda dürli önümleriň söwdasy bilen bir hatarda, adamlara çaý, kofe we beýleki şerbetli içgileri hödürleýän bölümleriň hereket etmeginiň wajypdygyny belledi.
Şol bir wagtyň özünde, bu geçelgäniň gatnawly ulag ýolunyň ýokarsyndan geçýändigini nazara alyp, Gurbanguly Berdimuhamedow onuň yzygiderli gatnaýan ulaglara hiç hili päsgelçilik döretmeli däldigine ünsi çekdi we bu babatda özüniň öwüt-ündewlerini berdi.