Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň möhüm Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen gutlady

Şu gün, 22:10848

Şu gün geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen täze Kararnama barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, şu ýylyň 16-njy noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäginde Türkmenistanyň öňe sürmegi esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Möhüm ähmiýetli resminamanyň Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän hem-de Arkalaşygyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda kabul edilendigi aýratyn nygtaldy.

Bu Kararnama Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sebitleýin gurama hökmünde halkara derejesinde has giňden ykrar edilmegine we BMG-niň ulgamy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkynyň Milli Liderini bu Kararnamanyň kabul edilmegi bilen gutlady.

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan «açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygyny belledi hem-de geljekde hem Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylary gelip gowşan hoş habar – möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.