21-nji noýabrda irden bitcoin-iň bahasy bir teňňe üçin 55 648 dollara çenli pese düşdi. Şeýlelikde, kriptowalýuta soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda iň pes derejesine ýetdi. Bitcoin iň soňky gezek şu derejede 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda söwdalaşylypdy.
Soňra bitcoin-iň bahasy birneme ýokarlandy. Aşgabat wagty bilen 19:31-de onuň bahasy, takmynan, 60 262 dollara deň boldy.
Bitcoin-iň arzanlamagynyň yzysüre beýleki kriptowalýutalaryň, şol sanda Ethereum-yň hem bahasy pese düşüp başlady.
Kriptowalýuta bazaryndaky pese gaçyş ABŞ-nyň gazna bazaryndaky ýitgiler bilen utgaşdy. S&P 500 indeksi bütin hepdäniň dowamynda aşaklap gelýär, 20-nji noýabrda bolsa söwdalaryň dowamynda ol tas 4 göterim ýitirdi. Nasdaq Composite indeksi hem şol gün 5 göterimden gowrak pese düşüp, 2026-njy ýylyň başyndan bäri gazanan ähli ösüşini ýitirdi.
Şol bir wagtyň özünde altynyň we beýleki metallaryň bahasy hem arzanlamagyny dowam etdirdi.