Geologlar Hytaýyň Anhoý welaýatynda mis bilen altynyň tebigy birleşmesi bolan kuproauridiň iri ýatagyny tapdylar. Bu barada Hytaýyň Merkezi telewideniýesi habar berdi.
Ýatak Sýuançen şäher sebitindäki Çatin etrabynda ýerleşýär. Esasy magdan göwrüminiň uzynlygy, takmynan, 1,2 kilometre, giňligi bolsa 1,1 kilometre deň.
Hünärmenleriň çaklamagyna görä, ýatakdaky altynyň mümkin bolan ätiýaçlygy 200 tonnadan geçýär. Misiň ätiýaçlygy bolsa millionlarça tonna barabar diýlip bahalandyrylýar.
Hytaýyň Altyn öndürijiler assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ýurt öz çig malyndan 381,3 tonna altyn öndürdi.