Delta Air Lines awiakompaniýasy uçaryň agramyny we deňagramlylygyny hasaplamak ulgamynda ýüze çykan näsazlyk sebäpli, ABŞ-nyň çägindäki awiagatnawlarynyň köpçülikleýin gijikmelerine sezewar boldy. CNN-iň ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasynyň dolandyryş müdirligine (FAA) salgylanyp habar bermegine görä, bökdençlik ýurtda awiasiýanyň iň gyzgalaňly işleýän döwürleriniň biri bolan Minnetdarlyk gününiň (Thanksgiving Day) öňüsyrasynda ýüze çykdy.
FlightAware-iň maglumatyna görä, 22-nji noýabrda agşam sagat 21:30-a çenli Delta-nyň ähli awiagatnawlarynyň 58%-i gijikdirmelere sezewar boldy, ýene 6%-i bolsa ýatyryldy. Awiakompaniýa ýekşenbe güni uçuş tertibiniň üýtgedilmeginiň, takmynan, 70%-iniň awtomatlaşdyrylan ulgamyň näsazlygy sebäpli, galanlarynyň bolsa ýaramaz howa şertleri sebäpli ýüze çykandygyny anyklady.
Bu ýagdaý Delta-nyň iň uly merkezinde – Atlantanyň Hartsfild-Jekson halkara howa menzilinde has-da duýuldy. Ol ýerde kompaniýanyň uçuş gatnawlaryna hem öz täsirini ýetiren näsazlyk sebäpli birnäçe sagatlyk ýerüsti gijikdirme tertibi girizildi.
Näsazlyk uçaryň ýüklenişi boýunça gözükdirmeleri taýýarlamak üçin ulanylýan ALIS-e (Automated Load Instruction System) täsir etdi. Bu ulgam bagažy we beýleki ýükleri hasaba alyp, zerur ölçegleri çykarýar. Şol sebäpli, Delta-nyň işgärleri uçary gatnaw ugruna howpsuz ugratmak üçin hasaplamalary el bilen ýerine ýetirmeli boldular.
Biraz soňrak Delta agramy we deňagramlylygy awtomatiki hasaplaýyş ulgamynyň ýene işläp başlandygyny yglan etdi. Şeýle-de bolsa, awiakompaniýa toplanan gijikmeleriň we uçuş tertibiniň üýtgemeginiň netijeleriniň birnäçe wagtlap ýolagçylara täsir etmeginiň mümkindigini duýdurdy.
Bu bökdençlik baýramçylyk syýahatlary möwsüminiň başynda bolup geçdi. 19-njy noýabrdan 1-nji dekabra çenli diňe Atlantanyň howa menziliniň özünden 4 milliondan gowrak ýolagçynyň geçmegine garaşylýar.