Ýewropada howa maglumaty zerarly birden gaz gymmatlady

Şu gün, 18:18488

Ýewropada howanyň güýçli sowamagyna garaşylmagy we ýerasty gaz ammarlaryndaky ätiýaçlyklaryň azalmagy sebäpli tebigy gazyň bahasy birden ýokarlandy. Bu barada Bloomberg neşiri habar berýär.

Duşenbe güni gaz boýunça esasy fýuçers şertnamalarynyň bahasy 8,6% galyp, bir megawatt-sagat üçin 96 ýewro ýetdi.

Howa maglumatlaryna görä, Ýewropanyň demirgazyk-günbatarynda sowuk howa dekabr aýynyň başyna çenli dowam eder. Şu hepdede howanyň temperaturasy soňky 30 ýylyň ortaça görkezijisinden 3–5 gradus sowuk bolar. Dekabr aýynyň başynda bolsa bu tapawut 5–8 gradusa ýetip biler.

Ýel energiýasynyň öndürilişiniň azalmagy hem ýagdaýy has çylşyrymlaşdyryp biler. Çünki Germaniýada, Daniýada we Niderlandlarda ýeliň güýjüniň peselmegine garaşylýar. Bu bolsa elektrik energiýasyny öndürmek üçin gazdan peýdalanmagyň zerurlygyny artdyrar.

Ýewropanyň ýerasty gaz ammarlaryndaky ätiýaçlyklar ortaça möwsümleýin derejeden ep-esli pes. Ýewropa sebitine turba geçirijiler arkaly gaz iberýän iň iri ýurt bolan Norwegiýada üpjünçilikdäki bökdençlik bilen ýüzbe-ýüz çykdy. Şol bir wagtyň özünde, geosyýasy ýagdaý sebäpli Ýakyn Gündogardan gaz eksporty hem çäklendirilen.

Munuň üstesine Aziýada hem howanyň sowamagyna garaşylýar. Bu bolsa suwuklandyrylan tebigy gazyň üpjünçiligi üçin bäsdeşligi has-da güýçlendirip biler.

Ýewropa bu ýyl gyş möwsümine taýýarlyk görýän mahaly gaz ammarlaryny doly dolduryp ýetişmedi. Tomus aýlarynda bahalaryň ýokarlanmagy sebäpli ÝB ýurtlarynyň hökümetleri we kompaniýalar bahalaryň arzanlamagyna garaşyp, gaz satyn almagy soňa goýdular, emma tama edişleri ýaly bolmady.

Sentýabr aýynda Kpler kompaniýasynyň seljerijileri gyş möwsüminde gazyň bahasynyň bir megawatt-sagat üçin 100 ýewrodan hem geçip biljekdigini çaklapdylar.