AÖB Azerbaýjanda Hazar deňziniň suwuny süýjedýän desganyň gurluşygyna 140 mln dollar bölüp berdi

Düýn, 09:396,056

Aziýa ösüş banky (AÖB) Azerbaýjanda Hazar deňziniň suwuny süýjedýän desganyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin 140 mln dollar möçberinde karz serişdelerini bermegi tassyklady.

TodayPress TV neşiriniň AÖB-e salgylanyp berýän habaryna görä, umumy bahasy 407 mln dollar möçberinde kesgitlenýän taslama üçin karz serişdeleri 70 mln dollardan ybarat iki tapgyrda berler.

Taslamanyň çäklerinde ters osmos tehnologiýasy arkaly suwy süýjedýän desgany taslamak, gurmak, maliýeleşdirmek, işletmek we tehniki taýdan hyzmat etmek göz öňünde tutulýar. Desganyň bir gije-gündizdäki kuwwaty 300 müň kub metr suwa deň bolar. Suwa bolan islegiň iň ýokary derejesine ýetýän döwürlerinde bolsa bu görkeziji 330 müň kub metre çenli artdyrylyp bilner.

Taslama döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakyndaky 25 ýyllyk şertnama esasynda amala aşyrylýar. Süýjedilen suwuň ählisi döwlet suw üpjünçilik kärhanasy bolan «Uly şäherleriň birleşen suw üpjünçilik gullugyna» ugradylar.

Bu Azerbaýjanda suwy süýjedýän ilkinji iri kärhana hem-de suw hojalygy pudagynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy esasynda amala aşyrylýan taslamalaryň ilkinjisi bolar. Onuň esasy maksady Bakuwda we Abşeron ýarym adasynda ýaşaýyş jaýlaryny hem-de täjirçilik maksatly desgalary ýokary hilli we üznüksiz agyz suwy bilen üpjün etmegi gowulandyrmakdan ybaratdyr.

Taslama AÖB-iň Azerbaýjan bilen 2025–2029-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk strategiýasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Bu strategiýanyň esasy ugurlarynyň hatarynda daşky gurşawa zyýany az bolan durnukly we «arassa» infrastrukturany döretmek hem bar.

Mundan öň Aziýa infrastruktura maýa goýum banky hem Azerbaýjanda suwy süýjedýän desganyň gurluşygy üçin 45 mln dollar möçberinde karz bermegi tassyklapdy.

Taslamany Saud Arabystanynyň ACWA Power kompaniýasy amala aşyrýar. Gurluşygyň baş potratçysy bolsa Hytaýyň PowerChina toparyna degişli HDEC (Huadong Engineering Corporation) kompaniýasydyr. Bu kompaniýanyň kömekçi potratçysy hökmünde çykyş edýän Ispaniýanyň Savener inženerçilik kompaniýasy eýýäm öz işlerine girişdi.