Apple korpusy keramika elementli iPhone 20 Pro-nuň ýörite görnüşini çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada hytaýly Fixed Focus Digital insaýderi Weibo sosial torunda mälim etdi.
Insaýderiň aýtmagyna görä, onuň eline geljekki smartfona niýetlenen keramika bölekleri düşüpdir. Enjamyň çäkli nusgada çykarylmagyna garaşylýar. Muňa şol bölekleriň önümçiliginiň az mukdarda meýilleşdirilmegi şaýatlyk edýär.
Apple-iň anyk haýsy bölekleri keramikadan etjekdigi entek belli däl. Bu enjamyň arka paneli, korpusynyň uly bölegi ýa-da aýratyn daşky bölegi bolup biler.
Smartfonyň dört tarapy egrelen ekranly we titan çarçuwaly düýbünden täze dizaýna eýe bolmagyna garaşylýar.
Ýubileý iPhone-larynyň görkezilişi 2027-nji ýylyň güýzüne meýilleşdirilýär. Eger bu maglumat tassyklansa, onda iPhone 20 Pro-nuň ýörite wersiýasy smartfonyň 20 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk tapgyrynyň bir bölegi bolup biler.