Parižde türkmen harytlarynyň fransuz we ýewropa bazarlaryna iberilmegini maslahatlaşdylar

Şu gün, 17:32733
1 / 4

26-njy noýabrda Parižde Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde MEDEF International guramasynyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Batyr Wolsahatowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň fransuz işewür jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Ilçihananyň sosial torlardaky habarynda aýdylýar.

Duşuşygyň başynda «MEDEF International» guramasynyň baş direktory Filipp Gotýe Türkmenistanyň Merkezi Aziýada strategik taýdan amatly ýerleşýändigini hem-de fransuz kompaniýalarynyň söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Öz çykyşynda Batyr Wolsahatow Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri, biržanyň işi, söwda mehanizmleri we daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmak şertleri bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de ol türkmen öndürijileri bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, uzak möhletleýin şertnamalary baglaşmak, birža söwdalaryna fransuz işewürliginiň gatnaşygyny giňeltmek hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça birnäçe amaly ädimleri öňe sürdi.

Duşuşykda täjirçilik maglumatlaryny tiz alyşmak we geljegi uly geleşikleri işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda hemişelik hereket edýän aragatnaşyk mehanizmini döretmäge aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2026–2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini belledi.

Umumy işewürlik duşuşygyndan soňra Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ýolbaşçylygy Fransiýanyň gyzyklanma bildirýän kompaniýalarynyň wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Taraplar türkmen önümleriniň fransuz we ýewropa bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak, hususan-da, Türkmenistanyň nebit önümlerini, mineral dökünlerini, tehniki kükürdi, himiýa we nebit-himiýa senagatynyň beýleki önümlerini satyn almak, ulag-logistika ulgamyny ösdürmek hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meseleleri boýunça pikir alyşdy.

Duşuşyklaryň jemleri boýunça, taraplar Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde iş gatnaşyklaryny we bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamagy dowam etdirmek barada ylalaşdy.