Lebapda kompozitor Weli Muhadowyň 110 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçiriler

Şu gün, 09:591,169
1 / 2

2-nji dekabrda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde görnükli kompozitor, SSSR-iň halk artisti, Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Döwlet baýragynyň laureaty Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçiriler.

Weli Muhadowyň ady türkmen aýdym-saz sungatynda aýratyn orun eýeleýär. Ol operalaryň, simfoniki we kantata-oratoriýa eserleriniň, şeýle hem watanymyzda we daşary ýurtlarda uly meşhurlyk gazanan aýdymlaryň we romanslaryň awtory hökmünde türkmen saz sungatynyň taryhyna girdi.

Döredijilik agşamy kompozitoryň ömri we döredijilik ýoly baradaky multimedia tanyşdyrylyşy bilen açylar. Ony bu mekdebiň Aýdym-saz taryhy we nazaryýeti bölüminiň mugallymy Aziza Seýitkulyýewa taýýarlaýar.

Duşuşygyň dowamynda Aýdym-saz taryhy we nazaryýety bölüminiň mugallymlary kompozitoryň eserleriniň dörediliş taryhyna, olaryň sahnadaky ilkinji görkezilişlerine we saz diliniň aýratynlyklaryna bagyşlanan ylmy-nazary çykyşlaryny okarlar. Jeren Joraýewa «Weli Muhadowyň “Türkmen sýuitasynda”, “Meniň Watanym” simfoniki poemasynda türkmen halk heňleriniň ulanylyşy» atly çykyşyny, Şükürbaý Jorakulyýew bolsa «Kompozitoryň sahna eserleriniň aýratynlygy» atly çykyşyny hödürlär.

Konsert maksatnamasynda Weli Muhadowyň kamera-instrumental we wokal eserleri, şol sanda «Söýgülim gelýär», «Aşyklaryň şäheri», «Bagşynyň aýdymy», «Ilki söýgim nirde sen», «Kerwen» ýaly meşhur aýdymlary we romanslary, şeýle hem «Ganly saka» operasyndan Aýlaryň we Çaryýaryň ariozalary hem-de beýleki eserler ýerine ýetiriler.

Döredijilik agşamyna Aýdym aýtmak sungaty (wokal) bölüminiň mugallymlary Agajan Genjimow, Şirinjan Gurbanowa, Atajan Hemraýew, Orazgül Bazarowa, şeýle hem fortepiano bölüminiň wekili Dilber Hutdyýewa gatnaşarlar. Konsertmeýster hökmünde Dilaram Awanesowa we Leýla Haýydowa çykyş ederler.