Türkmenistanda Demokratik partiýanyň döredilmeginiň şanly senesi mynasybetli dabaraly maslahat geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Çärä görülýän taýýarlyk barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Batyr Mämmedow hasabat berdi. Ol Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilen gününden bäri ýurduň Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygynyň esaslaryny berkitmäge goşant goşýandygyny, şeýle hem raýatlaryň jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldaýandygyny belledi.
Häzirki wagtda partiýanyň işjeň agzalary Prezident Serdar Berdimuhamedowyň strategiki syýasatynyň hem-de ýurtda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň taryhy ähmiýetini düşündirmek boýunça işleri alyp barýar.
Şanly senäni baýram etmegiň çäginde dabaraly maslahaty guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu sene mynasybetli yglan edilen «Göreldeli wagyzçy» bäsleşiginiň ýeňijilerine Prezidentiň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak göz öňünde tutulýar.
Hasabaty diňläp, Serdar Berdimuhamedow ýurtda milli demokratiýa ýörelgelerini, halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri belledi. Prezident wise-premýere maslahata düýpli taýýarlyk görmegi we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda esaslandyryldy we 2026-njy ýylyň dekabrynda onuň döredilenine 35 ýyl dolýar.