Almalymy ýa almaly däl? «Alýarys» diýmezden öň biznes näme edýär: ALSAT-yň maglumatlaryndan garaşylmadyk 5 hakykat

Şu gün, 11:542,024
1 / 8

«Bahasy näçe?» diýen sowal bilen köp garaşylýan «Alýarys» diýen jogabyň arasynda käte haýran galdyrýan derejede köp zat bolup geçýär.

Ýene bir baha soralýar.

Direktora jaň edilýär.

Tanyşlardan maslahat alynýar.

Az-kem söwdalaşylýar.

Çaý içilýär.

Käte ikilenç çaý içilýär.

Biz şol «alýarys» diýen karara gelinýänçä nämeleriň bolup geçýändigine düşünmek üçin 📈ALSAT platformasynyň hakyky maglumatlaryny seljerdik we käbir garaşylmadyk sanlaryň üstünden bardyk.

1. Ilki söwdalaşalyň: 2 009-a garşy 1 764

📈ALSAT-da «Bahany teklip et» düwmesine 2 009 gezek basylypdyr.
«Sargyt et» düwmesine bolsa – 1 764 gezek.

Diýmek, ulanyjylar harydy dessine satyn almaga derek, has köp ýagdaýlarda söwdalaşmaga synanyşypdyrlar.

Türkmenistanda ýa-da, umuman, Gündogar ýurtlarynda bir zat satan bolsaňyz, häzir kän bir geň galan dälsiňiz.

Gaýtam, tersine.

Bizde köplenç satyjy teklibini doly aýdyp ýetişmänkä, «Iň soňky bahasy näçe?» diýen sowal ýaňlanýar.

Emma bu ýerde satyjylar üçin möhüm sapak bar.

Alyjy köplenç bahany özbaşyna däl-de, başga bir bahalar, üpjün edijiler, harydyň mukdary ýa-da eýýäm öz göz öňüne getiren sanlary bilen deňeşdirýär.

Ykdysadyýetiň edim-gylymlarynda muňa «labyr» diýilýär.

💡 Nämä üns bermeli?

Alyja diňe bir bahany görkezmek bilen çäklenmäň.

Bir, on we ýüz sany haryt satyn alnanda, biriniň bahasynyň näçä düşýändigini görkeziň. Tygşytlanýan pul, töleg şertleri we eltip bermegiň möhletleri barada hem maglumat goşuň.

Goşmaça düşündirişsiz baha — diňe bir gury san bolup galar.
Sany bolsa hemişe azaltmagy sorap bolýar.

2. 69 555 gezek görülme 413-den ýeňildi

Bir satyjynyň harytlaryny 69 555 dürli ulanyjy görüpdir.

Tamamlanan satuwlaryň umumy möçberi — 57 996 TMT.

Beýleki satyjynyň harytlary bary-ýogy 413 gezek görlüpdir.

Netijede, diňe bir satuw amala aşdy.

Emma şol satuwyň möçberi 84 600 TMT boldy.

Görülme sany tas 170 esse az bolsa-da, gazanylan girdeji has köp boldy.

Bu bolsa her aý taýýarlanýan owadan hasabatlara birneme başgaça garamaga esas berýär.

Sebäbi biznese tutuş internet gerek däl.

Oňa internetdäki hut özüne gerek adamlar zerur.

Biziň sebitimizde bu pikir hemmelere tanyş bolsa gerek.

Toýda 500 myhmanyň bolmagy gowy zat.

Emma satyn alyşlar bölüminde käte bir adam hem ýeterlik.

💡 Nämä üns bermeli?

Mahabat bermezden öň «Bu harydy kime görkezip bolar?» diýip däl-de, «Bu haryt haýsy kompaniýa aýratyn gerek we näme üçin hut häzir?» diýip soraň. Segmentasiýanyň iň amaly görnüşi hem şudur.

Megerem, emeli aň hakykatdan-da bir gün dünýäni eýelär. Emma oňa çenli hem ol marketingiň gadymy meseleleriniň birini çözmeli bolar: bularyň hemmesini anyk kime satmaly?

3. Dört satuw üç satuwdan ýeňildi

📈ALSAT-da bir Wi-Fi routeri 4 gezek satyn alnypdyr.

Tamamlanan satuwlaryň umumy möçberi — 14 030 TMT.

Kagyz pul kabul ediji enjam 3 gezek satyn alnypdyr.

Bary-ýogy bir sargyt az.

Emma satuwlaryň umumy möçberi — 124 475 TMT.

Takmynan, 9 esse köp.

Bu netije owadan aýlyk hasabatlar üçin kän bir amatly däl:

Sargytlaryň köp bolmagy hemişe biznesiň has uludygyny aňlatmaýar.

Bir müşderi depder satyn alýar.

Beýlekisi — enjam.

Ikisi-de möhüm.

Emma kalkulýator olaryň ikisine birmeňzeş garamaýar.

💡 Nämä üns bermeli?

Harydy mahabatlandyrmazdan öň dört zada baha beriň:

Mümkin bolan geleşigiň bahasy × satyn almak ähtimallygy × gaýtadan satmak mümkinçiligi × müşderiniň geljekdäki gymmaty.

Bu çemeleşme teklibiň gymmaty ýörelgesine ýakyndyr: satyjy diňe harydyň aýratynlyklaryny däl, eýsem onuň alyja berjek peýdasyny hem öňe çykarmalydyr.

Şonuň üçin käte: 

«Has köp harydy nädip satmaly?» 

diýen sowaldan 

«Bu haryt müşderiniň has gymmat düşýän haýsy meselesini çözüp biler?» 

diýen sorag has peýdaly bolýar.

4. 38 satuw 19 satuwdan ýeňildi

Mekdep we kanselýariýa harytlary: 3 881 haryt, 38 tamamlanan satuw we, takmynan, 12 827 TMT möçberinde girdeji.

Elektronika: 3 984 haryt, 19 tamamlanan satuw we 166 821 TMT möçberinde girdeji.

Harytlaryň sany tas deň. Elektronikanyň satuwy iki esse az bolsa-da, girdeji 13 esse dagy köp.

Şonuň üçin «Biziň bazarymyz uly» diýen sözlem, «Biziň palawymyz gowy» diýen sözlem ýaly, özbaşyna kän bir maglumat bermeýär. Has anyk düşündirilse gowy bolardy.

💡 Nämä üns bermeli?

Bazara satyn alyşlaryň ýygylygy, geleşigiň gymmaty, satyn almak ähtimallygy we gaýtadan satyn alyş mümkinçiligi boýunça baha bermek peýdalydyr. Bahany bolsa beýleki teklipler bilen deňeşdirmeli. Alyjy köplenç «Bu umuman gymmatmy ýa-da arzan?» diýip karar bermeýär. Ol «Munuň bahasy başga teklipler bilen deňeşdirilende gymmatmy ýa-da arzan?» diýen sowala jogap gözleýär.

5. Iň peýdaly «alýarys» sözi käte ikinji gezek aýdylýar

📈ALSAT-da gaýtalanýan satyn alyşlar toparlara bölünen satyn alyşlaryň, takmynan, 14,6%-ini düzýär. Şol bir wagtda üstünlikli tamamlanan satuwlaryň umumy gymmatynyň, takmynan, 48,4%-i hut şolaryň paýyna düşýär. Diýmek, gaýtadan satyn alyşlaryň paýy kän bir uly bolmasa-da, olar satuwlaryň umumy bahasynyň tas ýarysyny emele getirýär.

Ilki tanyşdyk. Soň gürleşdik. Soň çaý içdik. Soň ilkinji geleşigi baglaşdyk. Ine, indi bolsa arkaýyn işläp bolýar.

💡 Nämä üns bermeli?

Ilkinji satuwdan soň «Hemme zat göwnüňizden turdumy?» diýen sorag bilen çäklenmäň. «Indiki gezek size näme gerek bolar?» diýip soraň. Alyja haryt ýene gerek bolmazdan öň özüňize ýatlatma goýuň.

Ilkinji satuw pul getirýär. Üstünlikli ilkinji satuw indiki satuwy getirýär.

«ALÝARYS (ALÝAS)» ýatlatmasy: harydy öňe sürmezden öň berilmeli bäş sorag

Harydy öňe sürmäge serişde goýmazdan öň, teklibiňizi bäş ugur boýunça barlaň.

A — Agyry. Haryt alyjynyň haýsy anyk meselesini çözýär? Diňe «hil taýdan gowy kondisioner» däl-de, iýul aýynda ofisiň sauna öwrülmezligi üçin 70 m² meýdana laýyk gelýän enjam.

L — Lebiz. Alyjy näme üçin size ynanmaly? Synlary, hakyky suratlary, şahadatnamalary, kepillikleri we tassyklanan satuw tejribesini görkeziň.

Ý — Ýönekeýlik. Näme üçin başga birinden däl-de, sizden satyn almaly? Bahamy, harydyň barlygymy, eltip bermekmi, kepillikmi ýa-da lomaý söwda şertlerimi? Satyjy jogaby özi bilmeýän bolsa, alyjynyň onuň deregine derňew geçirmegi gaty ähtimal däl.

A — Anyk peýda. Alyjy iş ýüzünde näme gazanýar? Diňe «2 000 W kuwwat» däl-de, anyk netije: az iş, pes töwekgelçilik ýa-da wagt tygşytlylygy. Häsiýetnama haryt barada gürrüň berýär. Peýda bolsa alyjy barada.

S — Satyn alybermeli. Baha düşnüklimi? Haryt barmy? Şertler bellimi? Menejer jogap berýärmi? Indiki ädim aýdyňmy? Her bir artykmaç kynçylyk alyja «Pikirlenip göreýin» diýmäge ýene bir mümkinçilik berýär.
Bu jelegaýlarda käte näçe uzak pikirlenip bolýandygyny hemmämiz gowy bilýäris.

Öz harytlaryňyz barada bularyň hemmesini nädip bilmeli?

Ine, şu ýerde sanlar owadan grafiklerden has gyzykly bolýar.

Satyjy üçin şulary bilmek peýdalydyr:

haryda kim seredýär;
ony näme bilen deňeşdirýärler;
bahany nirede üýtgetmäge synanyşýarlar;
nämäni satyn alýarlar;
nämäni satyn almaýarlar;
haýsy harydy öňe sürmeli;
we ony haýsy kompaniýalara gönüden-göni görkezmeli.

📈ALSAT hut şu maksat bilen Market Access hyzmatyny ösdürýär.

Ýerli bazar üçin biz teklipleri we maglumatlary seljermäge, geljekde müşderi bolup biljek kompaniýalary tapmaga, olara harytlary tanyşdyrmaga hem-de bazaryň hakyky reaksiýasyny öwrenmäge ýardam berýäris.

Diňe: «Mahabat bereliň» diýmek bilen çäklenmeýäris.

Ilki bilen: «Biz näme satýarys, kime satýarys, olar näme üçin satyn almaly we häzir muny etmäge näme päsgel berýär?» diýen sowallara jogap gözleýäris.

Ýerli bazarda alyjylar az bolsa näme etmeli?

Şol bir çemeleşmäni başga bir bazara çykmak üçin hem ulanyp bolýar. Sergä gitmezden, uly pawilýon sargyt etmezden we nobatdaky howa menzilinde kofäniň hilini barlamazdan öň, şuňa meňzeş harytlary kimiň satyn alýandygyny, haýsy import edijileriň we distribýutorlaryň laýyk gelýändigini, teklibiňiziň olaryň teklipleri bilen deňeşdirilende nähili görünýändigini hem-de, umuman, oňa näderejede gyzyklanmanyň bardygyny anyklap bolýar.

Bu eýýäm eksport üçin Market Access hyzmatydyr.

Emma eksport — indiki gürrüň temasy.

Häzirlikçe has ýönekeý sowal öňüňizde ýatyr:

Alyjyňyz eýýäm «alýarys» diýmäge taýýarmy ýa-da oňa entek bir zat ýetmeýärmi?

📩 sell@alsat.biz
📈ALSAT— biznes üçin aňsat.