Samsung kompaniýasy Galaxy smartfonlary üçin zarýad bermegi ýatlatmak funksiýasyny taýýarlaýar — ol eýýäm One UI 9.5-iň beta wersiýasynda, Device Care 13.9.00.12 goşundysynda iş ýüzüne geçirildi.
Enjama zarýad bermegiň zerurdygy baradaky duýduryş ulanyja zarýad derejesi 20–30% bolanda, smartfon tok çeşmesine birikdirilmedik we energiýa tygşytlaýyş režimi öçük ýagdaýynda peýda bolmaly. Duýduryş sazlamalar menýusynyň ýokarky böleginde görkeziler. Eger ulanyjy duýduryşy ýapsa, ol bir gije-gündiziň dowamynda gaýtadan peýda bolmaz.
Smartfon soňky 4 hepdäniň dowamynda ulanyjynyň, adatça, zarýada goýýan wagtyny öwrenip, ony ýatda saklar. Eger şol wagta çenli smartfon zarýada goýulmasa, zarýad hem 20-30% bolsa, ol bu barada ýatladar. Ýöne munuň üçin Samsung-yň şahsylaşdyrylan maslahatlaryny işjeňleşdirmek zerur bolar.
Funksiýa senenamadaky wakalary hem nazara alyp biler. Mysal üçin, öňde türgenleşik, duşuşyk, kino ýa-da konsert bar bolsa, smartfon bellenilen wagta çenli zarýadyň ýetmezliginiň mümkindigini duýdurar. Eger senenamada degişli waka ýok bolsa, onda geçirilen zarýad wagty barada adaty ýatlatma peýda bolar.
Tapylan koda görä, duýduryşda awtonom iş sagatlarynyň çen-takmyn sany görkezilen grafika bolar, şeýle hem energiýa tygşytlaýyş işjeňleşdirilende iş wagtynyň näderejede köpeljekdigi görkeziler. Şol bir wagtyň özünde, Samsung şeýle kartoçkanyň görkezilmegini uzak aralykdan öçürip biler.
Häzirlikçe bu funksiýa synag kodunda tapyldy, şonuň üçin onuň One UI 9.5-iň jemleýji wersiýasynda peýda boljakdygyna kepillik ýok. Ýöne tapylan maglumatlar onuň belli bir ýurda ýa-da diňe geljekki Galaxy S27 seriýasyna baglydygyny görkezmeýär. Bu bolsa ýatlatmanyň has köne Samsung smartfonlarynda hem peýda bolup biljekdigini çaklamaga mümkinçilik berýär.