Nissan Terrano krossowerini doly derejede ramaly ýolsuzlyk ulagyna öwürýär

Düýn, 13:431,671
1 / 2

Nissan kompaniýasynyň ýolagçy ulaglarynyň hatary täze nesil Terrano modeli bilen baýlaşar. Täze ulagyň Hytaýda öndürilmegine we 2027-nji ýylyň başynda ýerli bazarda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda bu model Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginde hasaba alyndy.

Terrano-nyň täze nesli Renault Duster modeliniň esasynda öndürilýän şäher krossoweri bolmagyny bes edip, doly derejedäki ramaly ýolsuzlyk ulagyna öwrüler. Ulagyň kuzowynyň dizaýny Nissan kompaniýasynyň inženerleri tarapyndan işlenip düzüldi, güýç gurluşy bolsa Hytaýyň Dongfeng kompaniýasy tarapyndan üpjün ediler.

Täze Terrano birnäçe görnüşde – benzinli, dizel we gibrid görnüşlerinde hödürlener. Benzinli görnüşi 258 at güýjüne eýe bolan 2,0 litrlik turbohereketlendiriji bilen üpjün ediler. Dizel görnüşinde bolsa kuwwaty 190 at güýjüne deň bolan 2,3 litrlik hereketlendiriji ulanylar. Gibrid görnüşiniň takyk tehniki häsiýetnamalary entek mälim däl.

Täze ulagyň uzynlygy 5098 mm, ini 1980 mm, beýikligi 1960 mm, tigirleriniň ok aralygy bolsa 2850 mm bolar. Ol, ilki bilen, Hytaý bazaryna niýetlener. Şeýle-de bolsa, ony Ýakyn Gündogar, Günorta-Gündogar Aziýa we beýleki sebitleriň bazarlaryna eksport etmek hem meýilleşdirilýär.