Beýik Britaniýanyň Top Gear žurnaly Top Gear Awards 2027 baýragynyň ýeňijilerini yglan etdi. Redaksiýa bahasy 2 million funt sterling (takmynan, 2,6 mln dollar) bolan McLaren W1 giperkaryny ýylyň esasy awtoulagy diýip saýlady.

Top Gear ýeňiş gazanan awtoulagyň bahasynyň gymmatlygy zerarly käbir soraglaryň ýüze çykyp biljekdigini boýun alýar. Emma žurnal öňki ýyllarda BMW iX3, Renault 5, Hyundai Ioniq 5 N, Honda Civic Type R we Hyundai i20 N ýaly has elýeterli modellere-de baş baýragyň berlendigini ýatladýar.
Aýry-aýry ugurlar boýunça baýrak alanlar:

Ýylyň kiçi awtoulagy — Hyundai Ioniq 3. Redaksiýa ykjam elektrokarlaryň arasynda bäsdeşligiň barha artýandygyny belleýär.

Ýylyň şäher awtoulagy — Renault Twingo. Top Gear onuň dizaýnynyň oýunjaga meňzeş bolup görünmeginiň mümkindigini boýun alýar, emma şol bir wagtda awtoulagyň bahasy bilen tehniki aýratynlyklarynyň sazlaşygyna aýratyn üns çekýär.

Ýylyň krossoweri — BMW X5. Žurnalistler bu modelde ulanylan täze arhitekturany aýratyn bellediler.
Ýylyň sedany — BMW i3 (Neue Klasse platformasynda). Redaksiýa bu ýerde öňki adybir ykjam elektroulag däl-de, täze model barada gürrüň edilýändigini aýratyn nygtaýar.

Ýylyň lýuks awtoulagy — Mercedes-Benz VLE. Modeliň esasy artykmaçlygy hökmünde onuň amatlylygy görkezilýär.
Ýylyň sport awtoulagy — Ferrari 296 Speciale.
Ýylyň ýaryş awtoulagy — GMA T.50S. Top Gear-iň baha bermegine görä, bu model dolandyrylyşyny gowulandyrmak üçin agramy azaltmak ýörelgesini aýratyn üstünlikli durmuşa geçirýär.
Ýylyň konsept-kary — Citroen 2CV. Top Gear bu awtoulagyň diňe bir taryhy modeliň daş keşbine täzeçe çemeleşilmegi bilen çäklenmän, täze çözgütleri hem hödürleýändigini belleýär. Şonuň üçin redaksiýa Citroen kompaniýasyny bu awtoulagy köpçülikleýin öndürip başlamaga çagyrdy.

Redaksiýa ýylyň öndürijisi hökmünde Hyundai kompaniýasynyň premium brendi bolan Genesis-i saýlady.
Beýleki baýraklaryň ýeňijileri:

Ýylyň dizaýny — Jaguar Type 01;
Ýylyň tehnologiýasy — Ferrari 12Cilindri Manuale;
Ýylyň retro gahrymany — Kimera K39;
Ýylyň sesi — atmosferaly V12 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan Aston Martin Valkyrie LM.

Top Gear ýylyň wakasy hökmünde Tesla Roadster modeliniň tanyşdyrylyş dabarasyny görkezdi. Şonda awtoulag gysylan gazyň akymy arkaly ençeme ulaglaryň üstünden uçup geçipdi.
Žurnalistleriň 2027-nji ýylda iň köp sürmek islän awtoulagy bolsa, öň tarapynda ýerleşdirilen V8 hereketlendirijisi bolan we yzky tigri ýöredijili Toyota GR GT boldy.