Hyundai ABŞ-da 2027-nji ýylyň Tucson-yny tanyşdyrdy. Krossowerde ilkinji gezek XRT Pro-nuň ýolsuz ýerler üçin niýetlenen toplumy gibrid güýç ulgamy bilen utgaşdyrldy.
Tucsonyň başlangyç modeli 184 at güýjüne eýe bolan 1,6 litrlik benzinli turbohereketlendiriji we sekiz tizlikli awtomatik geçiriji bilen üpjün ediler. Gibrid wersiýasynda elektrik hereketlendirijisi bilen birleşdirilen şol bir motor ulanylýar. Onuň bilelikdäki kuwwaty 233 at güýjüne we 280 Nm çekijilige deň bolar.

Gibridde alty tizlikli awtomatik geçiriji we Stay Mode bar. Bu howa we ses ulgamyny hereketlendiriji öçürilenden soň hem 30 minutlap ulanmaga, şeýle-de enjamlary çekiş batareýasyndan zarýadlandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýangyç sarp edilişi 100 km üçin, takmynan, 5,6 litre deňdir.
XRT Pro toplumyna aşakdakylar girýär:
- doly hereketlendiriş ulgamy;
- ýolsuz ýerlerde ulanmak üçin 18 dýuýmlyk tekerler;
- öňden tirkege almak üçin gulaklar;
- pes sepleşmeli ýerlerde sürmek üçin X-Trek+ ulgamy;
- ýerden beýikligi 21 sm.

Şeýle hem bu wersiýa ýörite içki bezeg, gara metal elementler we eksklýuziw Red Rock Orange Pearl reňkli kuzow bilen hödürlenýär.
Awtoulagyň benzinli wersiýasynyň satuwy 2027-nji ýylyň birinji çärýeginde başlanar, gibrid wersiýasy bolsa ikinji çärýegiň başynda peýda bolar. Hyundai heniz bahalaryny we bezeg derejeleriniň doly sanawyny mälim etmedi.