13-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy «Winter Cup 2026» intellektual ýaryşyny guraýar.
Gatnaşyjylar her biri 12 ýumuşdan ybarat bolan iki saýlama tapgyryndan geçmeli bolar. Pikirlenmek üçin her soraga bir minut wagt berilýär. Iň köp utuk toplan iki topar alty ýeňiş utugyna çenli dowam etjek superfinalda duşuşar, şol ýerde hem kubogyň eýesi kesgitlener.
Superfinala çykyp bilmedik toparlar bürünç medallar we jemleýji sanawdaky orunlar ugrunda bäsleşer.
Intellektual duşuşyk «Angar» resto-klubynda (Arçabil şaýoly, 41, «ABM» işewürlik merkezi) geçiriler. Başlaýan wagty 12:00.
Ýaşyna garamazdan, ýaryşa isleg bildirýänleriň ählisi gatnaşyp biler: munuň üçin alty adama çenli topar düzmek ýeterlik.
Oýunçylar üçin giriş we gatnaşmak mugt.