«Palmeiras» Libertadores kubogynyň eýesi bolup, Braziliýany titul sany boýunça öňdelige çykardy

Düýn, 12:012,247
1 / 3

Braziliýanyň «Palmeiras» futbol kluby Urugwaýyň paýtagty Montewideoda geçirilen aýgytlaýjy duşuşykda Argentinanyň «Estudiantes» toparyny utup, 2026-njy ýylyň Libertadores kubogynyň eýesi boldy.

1:0 hasabynda tamamlanan duşuşykdaky ýeke-täk we ýeňiş goluny paragwaýly winger Ramon Sosa öz adyna ýazdyrdy. 

Bir ýyl ozal finalda «Flamengo» toparyndan asgyn gelen San-Pauluwyň topary üçin bu kubok klubuň taryhynda dördünji we 2021-nji ýyldan bäri ilkinji baýrak boldy. Ýaryşyň rekordyny bolsa ýedi gezek çempion bolan «Independiente» saklaýar.

«Palmeirasyň» bu üstünligi Braziliýa Günorta Amerikanyň esasy klub ýaryşyndaky umumy ýeňişleriň sany boýunça arassa birinji orna çykmaga mümkinçilik berdi. Indi braziliýaly toparlaryň hasabynda 26 titul bar. Öňki birinjiligi saklap gelen — hasabynda 25 baýrak bolan Argentina ikinji orna düşdi. Üçlügi sekiz ýeňiş bilen Urugwaý jemleýär.

Mundan başga-da, Braziliýanyň A Seriýasynyň klublary Libertadores kubogyny yzly-yzyna sekizinji gezek alyp, özboluşly üstünlik gazandy. Argentinaly toparlara ýaryşy diňe bassyr dört möwsüm utmak başardypdy.