Angliýanyň Premýer-ligasynyň öňdebaryjy toparlary bolan «Mançester Ýunaýted», «Liwerpul» we «Tottenhem» öz bäsdeşi «Mançester Sitiden» öwez puluny talap edip, kazyýete ýüz tutmaga taýýarlanýar.
The Guardian neşiriniň habar bermegine görä, bu toparlar 2009-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli aralykda «Mançester Sitiniň» maliýe düzgünlerini ýüzden gowrak gezek bozmagy netijesinde özlerini maddy ýitgi çeken hasaplaýarlar.
Neşiriň maglumatynda bu mesele boýunça toparlara Wiggin hukuk firmasynyň kömek edýändigi aýdylýar. Ýagdaýy bilýän, ýöne ady gizlin saklanýan çeşme hem toparlaryň özara belli bir derejede hyzmatdaşlyk edýändigini habar berýär. Ýöne muňa garamazdan, olar ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak baradaky talap arzany aýratynlykda bermegi meýilleşdirýär. Bu mesele babatda olaryň hataryna Londonyň «Arsenaly» hem goşulýar.
«Tottenhem» azyndan 120 mln möçberinde öwez puly talap etmegi göz öňünde tutýar. Sebäbi topar dört gezek Çempionlar ligasyna gatnaşmagyň öňüsyrasynda, ýaryşdan çetde galypdyr we UEFA-nyň baýrak gaznasyndan alynmaly serişdelerden mahrum bolupdyr. «Mançester Ýunaýted» bilen «Liwerpul» hem, degişlilikde, 2012-nji we 2014-nji ýyllarda Angliýanyň çempionatynda «Mançester Sitiden» soň ikinji orny eýeläpdirler. Şonuň netijesinde bu toparlar hem gazanyp biljek girdejilerinden binesip galypdyrlar. «Arsenal» bolsa 2017-nji ýylda Çempionlar ligasyna gatnaşmak hukugyny gazanyp bilmändir.
Mundan ozal The Times neşiri klublaryň her biriniň «Mançester Sitiniň» maliýe düzgünlerini bozmagy bilen baglanyşykly özüne ýetirilen zyýany 100 milliondan gowrak möçberde bahalandyrýandygyny habar beripdi. Şeýle-de, neşiriň bellemegine görä, «göterimler goşulanda» bu görkezilen möçber «ep-esli artyp hem biler».
2026-njy ýylyň sentýabr aýynda «Mançester Siti» Angliýanyň Premýer-ligasynyň maliýe düzgünlerini bozmak bilen baglanyşykly öňe sürlen 115 aýyplamanyň 114-üsi boýunça günäkär diýlip ykrar edildi. Bu aýyplamalar 2023-nji ýylyň fewral aýynda bildirilipdi, derňew işleri bolsa üç ýyldan gowrak dowam edipdi. «Mançester Siti» girdejileri galplaşdyrmakda, şol sanda toparyň eýeleriniň goýýan serişdelerini hemaýatkärlik tölegleri hökmünde görkezmekde, şeýle hem futbolçylara we tälimçilere tölenen haklar barada doly bolmadyk maglumatlary bermekde aýyplanýar.
Topara garşy örän berk çäreleriň görülmegi mümkin. Olaryň hatarynda utuklarynyň aýrylmagy we has pes liga geçirilmek hem bar. Bulara garamazdan, barybir «Mançester Sitiniň» ozal gazanan çempionlyk derejelerinden mahrum edilmegi bolardan bolmazy ýakyn ýagdaý hasap edilýär.