Messi Argentina ýygyndysyndaky ýoldaşy Karlos Tewesiň hoşlaşyk oýnuna gatnaşar

Düýn, 22:022,054
1 / 2

Argentinanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi we häzirki wagtda «Inter Maýamide» oýnaýan Lionel Messi «Boka Huniors» klubunyň öňki hüjümçisi Karlos Tewesiň hoşlaşyk oýnuna gatnaşar. Bu barada «ESPN Argentina» habar berýär.

«Adiós Apache» diýlip atlandyrylan bu çäre 20-nji dekabra meýilleşdirildi we «La Bombonera» stadionynda geçiriler. Guramaçylar Messiniň bu oýna gatnaşjakdygyny eýýäm resmi taýdan tassyklady.

«Apaçyň (Tewesiň lakamy) soňky duşuşygynda dünýäniň iň gowy oýunçysyny garşy almak biziň üçin hakyky hormat bolar» diýip, guramaçylar belledi.

Duşuşygyň argentina futboly üçin uly baýramçylyga öwrülmegine garaşylýar.

Messi we Tewes uzak wagtyň dowamynda Argentinanyň milli ýygyndysynda, şol sanda 2010-njy ýylyň dünýä çempionatynda bilelikde çykyş etdi. 42 ýaşly Tewes professional karýerasyny 2022-nji ýylda tamamlasa-da, häzir dünýä futbolynyň ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli hoşlaşyk oýnuny geçirmek kararyna geldi.

Messiden başga-da, duşuşyga Argentinanyň ýygyndysynyň beýleki rowaýaty oýunçylary, şol sanda Huan Roman Rikelmäniň we Serhio Agueronyň hem gatnaşmagy mümkin.

Tewes bu oýunda «Mançester Ýunaýted» toparyndaky ýoldaşy Kriştianu Ronalduny hem görmek isleýär we ony hut özi yrmaga synanyşjakdygyny hem aýtdy. Ýöne «Al-Nasr» toparynyň hüjümçisiniň gatnaşjakdygy häzirlikçe tassyklanylmady.

Karlos Tewes sport ýolunda «Boka Huniors», «Korintians», «West Hem Ýunaýted», «Mançester Ýunaýted», «Mançester Siti», «Ýuwentus» we «Şanhaý Şenhua» klublarynda oýnady. 2022-nji ýylda oýunçy karýerasyny tamamlandan soň, «Rosario Sentral» we «Independente» klublarynda şowsuz görkezijiler bilen gysga wagtlyk tälimçilik etdi.