ABŞ-nyň Halkara Söwda Komissiýasy (ITC) Samsung Galaxy S25 seriýasyndaky smartfonlaryň ýurtda satylmagyny we import edilmegini gadagan etmek barada karar çykardy. Komissiýa Samsung-yň kamera tehnologiýalary bilen baglanyşykly Ýaponiýanyň Maxell kompaniýasynyň patentlerini bozandygyny öňe sürýär.
Maxell tarapyndan 2024-nji ýylda berlen şikaýat alty patente degişlidi. Olaryň arasynda wideogözleýjiniň işleýşi we kameradaky ugrukdyryjy bilen baglanyşykly tehnologiýalar hem bar. Derňewden soň Samsung patent bilen goralýan tehnologiýalardan daşlaşmak üçin enjamlaryndaky kameralary täzeden işläp taýýarlady.
25-nji noýabrda karara gaýtadan seretmek maksatly 60 günlük möhlet başlandy. Bu döwürde ABŞ-nyň Prezidenti ýa-da ABŞ-nyň Söwda wekili milli howpsuzlyk sebäplerine esaslanyp, gadaganlygy ýatyryp biler, ýöne beýle ýagdaýlar örän seýrek bolýar.
Eger karar güýje girse, bu möhlet tamamlanandan soň degişli enjamlaryň satuwy bes ediler. Şol bir wagtyň özünde, eýýäm satylan smartfonlar hem-de kamera ulgamlary täzelenen soňky tapgyrdaky modeller gadaganlyga degişli bolmaz.
Samsung Maxell bilen ygtyýarnama şertnamasyny baglaşmak arkaly hem çäklendirmelerden gaça durup biler. Motorola-da öň şeýle ýoly saýlapdy.
Mundan başga-da, 2026-njy ýylyň maý aýynda Maxell Samsung-y başga-da ýene alty patenti bozmakda aýyplap, täze şikaýat berdi. Bu gezek gürrüň has täze enjamlar, şol sanda Galaxy Z Fold7, Galaxy Z Flip7 we Galaxy S26+ barada gidýär. Bu şikaýata garamak işi birnäçe aýa çeker.